Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 35:1 - Mukaddes Kitap

1 Çöl-beýewan we gury ýer şatlanar, çöl guwanyp, nerkes kimin güllär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Чөл-бееван ве гуры ер шатланар, чөл гуванып, неркес кимин гүлләр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 35:1
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sebäbi ol akyldaryň-da ölýänin görýär; akmaklar-da, samsyklar-da ýok bolup gidýär, mal-mülklerini başgalara galdyrýar.


Eý, dogrular, Rebde şatlanyň, mukaddes adyna şükürler ediň.


Rebbiň öňünde derýalar ellerin çarpsyn, baýyrlar joşgunly nagmalar aýtsyn, çünki Ol ýer ýüzüne kazylyk etmäge gelýär. Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk eder, halklara ýüz görmezlik bilen kazylyk eder.


Men Şaronyň bägüli, dereleriň çigildemidirin.


Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»


Diwarly şäher terk edilýär, çöl kimin terk edilen, taşlanan ýurtdyr bu; göleler ol ýerde otlap, agaçlaryň şahalaryny iýýärler; ol ýerde ýatýarlar.


Geljekde Ýakup kök urar, Ysraýyl gunçalap güllär, ýer ýüzüni miweden doldurar.


Liwan az salymyň içinde hasylly meýdana öwrülmezmi, mes toprakly ýer tokaý kimin görünmezmi?


Agsaklar keýik kimin bökjeklärler, lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar; düzden suwlar, çölden çeşmeler çogup çykar;


Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.


Bir ses gygyrýar: «Sährada Rebbe ýol taýynlaň, çölde Hudaýymyz üçin ýoda düzläň.


Çöl we onuň şäherleri, kedarlylaryň ýaşaýan obalary sesini gataltsyn! Selanyň ilaty şatlykdan aýdym aýtsyn, daglaryň başyndan gygyryşsynlar!


Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin.


Reb Siona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.


Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,


Şol gün bir adam bir gulajyn bilen iki goýun saklar.


Şonda olar şeýle diýerler: „Beý-bä! Ozal çolaryp galan ýurt Erem bagy ýaly bolupdyr-ow! Haraba bolup, weýran edilen gala dikeldilip, ilatly ýere öwrülipdir!“ diýerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ