Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 34:8 - Mukaddes Kitap

8 Rebbiň öç güni, Sionyň ynjamasyndan ar alyş ýyly bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Реббиң өч гүни, Сионың ынҗамасындан ар алыш йылы болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 34:8
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Geliň, Rebbe nagma aýdaly, halas edýän gaýamyza şatlanyp, aýdym aýdaly.


Perýat ediň, Rebbiň güni ýakyndyr! Ol Gudratygüýçli tarapyndan weýrançylyk deý geler.


Ine, Rebbiň güni, ýowuz gün gelýär, ýer ýüzüni haraba öwürmek üçin, ondaky günäkärleri ýok etmek üçin, gazap bilen, gahar ody bilen gelýär.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.


Ýalaňaçlygyň aýan bolar, aýbyň açylar. Öç alaryn Men, hiç kimi aýamaryn».


Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


Rebbiň merhemet ýylyny, Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge, ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge,


Öç alyş güni ýüregimdedi, halas etjek ýylym gelipdi.


Bu gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň günüdir; bu gün ýagylaryndan ar alynýan öç günüdir; gylyç olary iýip doýar, ganlaryny içip serhoş bolar; çünki demirgazyk ýurdunda, Ýewfradyň kenarynda Hökmürowan Taňry Rebbe gurbanlyk berilýär.


Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.


Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.


Rebbiň aýdýan sözüne gulak asyň! Turuň, dawaňyzy daglaryň öňünde beýan ediň, Baýyrlar-da sesiňizi eşitsin!


Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy?


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.


Gynalmalarynyň tüssesi bolsa ebedi tütär. Jandara we onuň heýkeline sežde edenler ýa-da onuň adynyň tagmasyny basdyran adamlar ne gije, ne-de gündiz dynç alarlar».


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ