Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 34:6 - Mukaddes Kitap

6 Rebbiň gylyjy gana bulanandyr, guzudyr owlaklaryň ganyndan doludyr, ýag, goçlaryň böwrek ýagy bilen örtülendir; Rebbiň Bosrada gurbanlygy bar, Edomda uly gyrgyn bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Реббиң гылыҗы гана буланандыр, гузудыр овлакларың ганындан долудыр, яг, гочларың бөврек ягы билен өртүлендир; Реббиң Босрада гурбанлыгы бар, Эдомда улы гыргын болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 34:6
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýonatanyň ýaýy sowa geçmezdi öldürilenleriň teninden, Şawulyň gylyjy boş geçmezdi gerçekleriň ýaýyndan.


Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.


Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.


Ariýele azap çekdirerin, ýas tutar, perýat eder ol, Meniň üçin gurbanlyk ojagy kimin bolar.


Gylyjym göklerde gandan gandy, ine, gylyjym Edomyň üstüne, bütinleý ýok etjek halkymyň üstüne jeza üçin iner.


Edomdan, Bosradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? «Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»


«Üzümi ýeke sykdym, ýanymda halklardan hiç kim ýokdy; gaharlykam sykdym üzümi, gazaplykam aýak astyna aldym; onuň gany eşiklerime syçrady, bar lybasymy hapalady.


Men-de sizi gylyja niýetlärin, baryňyz gyrylmak üçin dyza çökersiňiz, çagyranymda jogap bermediňiz, geplänimde, gulak asmadyňyz, nazarymda ýigrenýän işlerimi etdiňiz, Maňa ýaramaýany saýladyňyz».


Çöldäki ähli depelere talaňçylar geldiler. Çünki ýurduň bir çetinden beýlekisine çenli Rebbiň gylyjy heläk eder, hiç kim aman galmaz.


Möňňüriň, eý, çopanlar! Dady-perýat ediň! Eý, süriniň baştutanlary, küle togalanyň! Çünki geldi öldüriljek, dargadyljak günüňiz, ýykylyp parçalanarsyňyz gymmatly gap kimin.


Bu gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň günüdir; bu gün ýagylaryndan ar alynýan öç günüdir; gylyç olary iýip doýar, ganlaryny içip serhoş bolar; çünki demirgazyk ýurdunda, Ýewfradyň kenarynda Hökmürowan Taňry Rebbe gurbanlyk berilýär.


Çünki Öz barlygymdan ant içýärin, Bosra howpa, masgaraçylyga, harabaçylyga, nälete sezewar bolar». Muny Reb aýdýandyr.


Edom hakda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Teýman şäherinde indi paýhas ýokmy? Danalarda maslahat galmadymy? Olaryň akyldarlygy küteldimi?


Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin. Waý olaryň halyna! Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi.


Olary guzy, goç, geçi kimin soýulmaga ibererin.


Bu öldürmek üçin ýiteldildi, ýyldyrym kimin çaksyn diýip çarhlandy. Biz nädip şatlanyp bileris? Oglum, sen taýagy we temmini harladyň ahyryn.


Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».


Daglaryňy jesetden dolduraryn; gylyçdan geçirilenler seniň depeleriňde, dereleriňde we jülgeleriňde ýatarlar.


Reb şeýle diýýär: «Men edomlylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki doganlaryny gylyçly kowalap, rehim-şepagat etmediler, çäksiz gaharyny dökdüler, gazap atyna baky atlandylar.


Hökmürowan Rebbiň huzurynda dym! Çünki Rebbiň güni golaýdyr, Reb gurbanlyk taýynlady, çagyranlaryny päkläp mukaddes etdi.


Sygyr ýagydyr goýnuň süýdi bilen, semiz goç-guzular bilen, Başan ýurduň öküzleridir erkeji bilen, iň saýlama bugdaý bilen bakdy. Üzümden edilen gyrmyzy şerapdan içirdi.


Men lowurdaýan gylyjymy çarhlap, höküm etmek üçin elime alsam, duşmanlarymdan ar alaryn, Meni ýigrenýänleň jezasyny bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ