Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 34:5 - Mukaddes Kitap

5 Gylyjym göklerde gandan gandy, ine, gylyjym Edomyň üstüne, bütinleý ýok etjek halkymyň üstüne jeza üçin iner.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Гылыҗым гөклерде гандан ганды, ине, гылыҗым Эдомың үстүне, бүтинлей ёк этҗек халкымың үстүне җеза үчин инер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 34:5
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.


Huzurynyň ýalkymyndan ýaňa köreýän közlerdir doly böwsüp geçdi Onuň gara bulutlaryny.


Duma baradaky pygamberlik: Segirden çagyrýar biri meni: «Eý, gözegçi, daň atara näçe wagt bar? Näçe wagt bar daňyň ýagtylmagyna?»


Muňa görä dünýä lagnat ýagýar, ilaty ýazyklarynyň jezasyny çekýär, şonuň üçin ýer ýüzüniň ilaty ýanyp, gaty az adam galýar.


Munuň üçin biabraý etdim ybadathananyň ruhanylaryny, Ýakuby doly weýrançylyga, Ysraýyly ryswalyga höküm etdim».


Edomdan, Bosradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? «Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»


Men-de sizi gylyja niýetlärin, baryňyz gyrylmak üçin dyza çökersiňiz, çagyranymda jogap bermediňiz, geplänimde, gulak asmadyňyz, nazarymda ýigrenýän işlerimi etdiňiz, Maňa ýaramaýany saýladyňyz».


Bu gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebbiň günüdir; bu gün ýagylaryndan ar alynýan öç günüdir; gylyç olary iýip doýar, ganlaryny içip serhoş bolar; çünki demirgazyk ýurdunda, Ýewfradyň kenarynda Hökmürowan Taňry Rebbe gurbanlyk berilýär.


Eý, Rebbiň gylyjy! Sen haçana çenli köşeşjek däl? Gynyňa gir, ynjal-da, asuda bol.


Edom hem öz patyşalary we ähli hökümdarlary bilen ol ýerdedi. Güýçlüdigine garamazdan, olaryň bary gylyçdan geçirilenler bilen bile ýatyrlar. Olar sünnetsizler we ölüler dünýäsine inýänler bilen bile ýatyrlar.


Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».


Daglaryňy jesetden dolduraryn; gylyçdan geçirilenler seniň depeleriňde, dereleriňde we jülgeleriňde ýatarlar.


«Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“».


Hökmürowan Rebbiň huzurynda dym! Çünki Rebbiň güni golaýdyr, Reb gurbanlyk taýynlady, çagyranlaryny päkläp mukaddes etdi.


Reb: «Eý, Efiopiýa halky, senem Meniň gylyjymdan ölersiň» diýýär.


Edomlylar: «Biz weýran edildik, ýöne weýrançylygy dikelderis» diýerler. Ýöne Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olar gurarlar, emma Men ýykaryn. Ýurtlarynyň erbet ýurtdygyny, halkyna bolsa Rebbiň ömürlik gaharynyň gelendigini hemmeler bilerler.


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Kimde-kim Rebbi söýmeýän bolsa, goý, oňa nälet bolsun. Ýa Rebbimiz, gelsene!


Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr.


Sygyr ýagydyr goýnuň süýdi bilen, semiz goç-guzular bilen, Başan ýurduň öküzleridir erkeji bilen, iň saýlama bugdaý bilen bakdy. Üzümden edilen gyrmyzy şerapdan içirdi.


Olaryň zynadan gözleri doýmaýar, hiç wagt günäni bes etmeýärler. Olar durnuksyz kişileri duzaga düşürip azdyrýarlar. Olaryň kalby açgözlüge ýugrulyp, näletlenen adamlardyr.


Sag elinde ýedi ýyldyz bardy, agzyndan iki ýüzli kesgir gylyç çykyp durdy. Onuň ýüzi süýrgünortanyň Güni kimin parlaýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ