Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 34:4 - Mukaddes Kitap

4 Gögüň ähli goşunlary çüýrär, asman kagyz kimin düýrlener; ähli asman jisimleri üzüm agajynyň ýapragy dek, injir agajynyň ýapragy dek solarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Гөгүң әхли гошунлары чүйрәр, асман кагыз кимин дүйрленер; әхли асман җисимлери үзүм агаҗының япрагы дек, инҗир агаҗының япрагы дек соларлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 34:4
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gökdäki ýyldyzlar, olaryň toplumy yşyk bermezler; Gün dogsa-da garalar, Aý nuruny saçmaz.


Şonuň üçin gökleri titrederin, Rebbiň gahar ody lowlaýan güni, Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýer ýüzi lerzana geler.


Eý, parlak ýyldyz, daň ogly, gökden nähili gaçdyň! Eý, milletleri ýeňen sen, indi özüň ýere ýykyldyň!


Gözleriňizi göklere dikiň, aşaga, ýere serediň; gökler tüsse kimin ýitip gider, ýer ýüzi eşik kimin tozar; onda ýaşaýanlar hem çybyn dek ölerler, emma Men ynsanlary baky halas ederin, olary azat ederin.


Olaryň öňünde ýer endireýär, asman bolsa lerzana gelýär, Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini gizleýär.


Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini saçmaýar.


Şol günleriň muşakgatynyň yz ýany Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler.


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


«Ýene bir gezek» diýen söz titräýjek zatlaryň, ýagny ýaradylan zatlaryň aradan aýryljakdygyny, yranmaz zatlaryň ebedi galjakdygyny aňladýar.


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


Guzy altynjy möhüri döwende, ýeriň gaty çaýkananyny gördüm. Gün gara ýüňden dokalan jul kimin garaldy, Aý bolsa gana döndi.


Dördünji perişde surnaýyny çaldy. Günüň üçden bir bölegine, Aýyň üçden bir bölegine, ýyldyzlaryň üçden bir bölegine zarba urlup, olaryň üçden bir bölegi garaldy. Netijede, gündiziň we gijäniň üçden bir bölegi ýagtysyz galdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ