Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 34:3 - Mukaddes Kitap

3 Ölüleri daşary taşlanar, maslyklarynyň ysy ýaýrar, daglardan olaryň gany akar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Өлүлери дашары ташланар, маслыкларының ысы яйрар, даглардан оларың ганы акар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 34:3
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden, Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry çäräňiz bolmaz siziň. Barybir sönmändi Rebbiň gazaby, jeza bermäge taýyndyr henizem Onuň eli.


Ýabany gäwmişler, öküzçelerdir, güýçli öküzler ýere serler. Ýurtlary gana eziler, topraklary ýaga.


Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez; olar bütin adamzada ýigrenji bolarlar.


Maslygyny süýräp, Iýerusalim derwezesinden çykaryp zyňarlar, eşek gömen ýaly edip gömerler“.


Ol gün Rebbiň öldürenleri ýeriň bir ujundan beýleki ujuna ýeter. Olar üçin ýas tutulmaz, ýygnalyp jaýlanylmaz. Olar zir-zibil ýaly çaşyp ýatarlar.


Ýa-da ol ýurda mergi ýollap, gan dökmek üçin üstüne gazabymy döküp, ynsany we haýwany gyryp taşlasam,


Onsoň seni gury ýere taşlaryn, meýdana zyňaryn, gögüň ähli guşlaryny seniň üstüňe gonduraryn, tutuş dünýäniň ýyrtyjy haýwanlaryny senden doýraryn.


Şonuň üçin hem Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär: ganyňy akdyraryn we gan seni kowalar. Gan dökmekligi ýigrenmändigiň üçin, gan seni kowalar.


Gogy mergi we gylyç bilen jezalandyraryn; onuň we goşunlarynyň üstüne, ýanyndaky köp halklaryň üstüne gark ediji ýagyş we güýçli doly, ot we kükürt ýagdyraryn.


Şol gün Men Ysraýylda, deňziň gündogaryndaky Ötegçiler deresinde Goga gabrystanlyk bererin. Gogy we onuň ähli goşunyny ol ýerde gömerler we oňa „Goguň beýik goşunynyň deresi“ diýerler.


Sen ähli goşunlaryň we ýanyňdaky halklar bilen birlikde Ysraýyl dagynyň üstünde heläk bolarsyň. Seni her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara iýmit edip bererin.


Men demirgazyk leşgerini sizden uzaklaşdyryp, äkiderin ony suwsuz boş ýere, gündogar deňzine – onuň öňüni, günbatar deňzine – onuň ardyny. Göteriler göge maslyk yslary, elhepus, ol etdi beýik işleri!


Müsürdäki ýaly araňyza mergi iberdim, ýaş ýigitleriňizi gylyçdan geçirdim, atlaryňyzy duşmanlaryňyza berdim. Burnuňyzy düşelgäňiziň porsy ysyndan doldurdym, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Atly goşun hüjüm edýär, gylyç ýalpyldap, naýza bark urýar. Üýşmek-üýşmek jesetler, san-sajaksyz läşler, maslyklara büdreýärler!


Salkymlar şäheriň daşyndaky çukurda sykyldy. Gan çukurdan çogup çykdy-da, at uýanynyň derejesine galyp, üç ýüz çakrym aralyga ýaýrady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ