Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 34:16 - Mukaddes Kitap

16 Rebbiň kitabyndan okap agtaryň: bulardan hijisi-de kem bolmaz, hiç biri öz jübütini ýitirmez. Muny Reb buýurdy, Onuň Ruhy olary üýşürdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Реббиң китабындан окап агтарың: булардан хиҗиси-де кем болмаз, хич бири өз җүбүтини йитирмез. Муны Реб буюрды, Онуң Рухы олары үйшүрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 34:16
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler.


Oňa nazar salyň, nurlanarsyňyz, asla utandyrylmaz siziň ýüzüňiz.


Dadyp görüň Reb ýagşylygyny, Ony pena edinýän nähili bagtly!


Kalbyňy öwüt-nesihata, gulaklaryňy-da bilimli sözlere ber.


Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin, sizi gylyç ýalmar». Muny Reb aýdýandyr.


Perýat et, eý, derweze! Nala çek, eý, şäher! Eý, piliştliler, gorkudan titräň! Demirgazykdan tüsse çykýar, goşun hatar-hatar bolup gelýär».


Kedar ogullarynyň edermen urşujylardan galan kemançylary az bolar». Muny Ysraýyl Hudaýy Reb diýdi.


Indi git-de, muny ýasy daş bölegine ýaz, düýrlenen kagyza geçir. Bu geljekki günler üçin ebedi şaýat bolsun!


Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.


Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».


şonda siz Rebden hoşal bolarsyňyz, Men sizi dünýäniň belentliklerine çykararyn; ataňyz Ýakubyň mirasyny size bererin. Muny Reb aýdýandyr.


Emma men saňa hakykat kitabynda näme ýazylanyny aýan edeýin. Maňa olara garşy söweşmäge serdaryňyz Mikaýyldan başga hiç kim goldaw bermedi.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.


Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez.


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Mukaddes Ýazgylary üýtgedip bolmaýandygyny bileňzokmy näme?! Hudaýyň Sözi gelen adamlar „hudaýlar“ diýlip atlandyrylan bolsa,


Siz baky ýaşaýyş Mukaddes Ýazgylardadyr öýdüp, olary yhlas bilen öwrenýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda şaýatlyk edýärler.


Başlaryna ençeme agyr külpetler inende, olaryň nesilleri bu aýdymy dillerinden düşürmezler, şonda bu aýdym olara şaýatlyk eder. Çünki Men wada beren ýurduma olary getirmezden öň hem, hatda häzir hem olaryň nähili pikirdediklerini öňünden bilýärin».


Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar.


Şeýlelikde, pygamberleriň habary biziň üçin ýene-de ynamdardyr. Tä Gün dogýança we daň ýyldyzy kalbyňyza nur çaýýança, tümlükde ýagty saçýan nur deý oňa üns beriň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ