Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 34:11 - Mukaddes Kitap

11 Gotanlar bilen kirpiler Edomy eýelärler, baýguşlardyr gargalar mesgen tutarlar onda, Reb onuň üstüne aljyraňňylyk ýüpüni, weýrançylyk ýüpüni ölçemek üçin çeker.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Готанлар билен кирпилер Эдомы эеләрлер, байгушлардыр гаргалар месген тутарлар онда, Реб онуң үстүне алҗыраңңылык йүпүни, вейранчылык йүпүни өлчемек үчин чекер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 34:11
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler.


Men Samariýanyň we Ahabyň nesilleriniň başyna nähili günleri salan bolsam, Iýerusalimiň başyna-da şol günleri salaryn. Bir kişiniň gap-çanagy süpürip, arassalap, düňderip goýşy ýaly, Men-de Iýerusalimi syryp-süpürip ýok ederin.


Reb ezilenleriň ählisi üçin berjaý edýär hak-adalaty.


«Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Weýran bolan şäher harabalykdyr, hiç kim girmez ýaly, ähli öý ýapyldy.


Olar üçin bije atdy, Öz eli bilen ýurdy ölçäp paýlady, Olar ony baky eýelärler, ol ýerde ýaşarlar nesiller boýy.


Reb Sion gyzynyň diwaryny weýran etmegi ýüregine düwdi. Ölçeg ýüpüni gerip, ýykmakdan el çekmedi. Daşky, içki diwar doldy ýas bile, ikisi-de ýegsan boldy ýer bile.


Onsoň Reb menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir şugul görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb şeýle diýdi: «Ine, halkym Ysraýylyň ortasynda-da, Men bir şugul guralyny goýýaryn. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn.


Ninewe mal-garalaryň ýatagyna, dürli wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüler. Baýguşlar harabaçylykda mesgen tutarlar, penjirelerden uwlaşarlar, bosagalaryň öňi weýran bolar, kedr pürsleri duw-dagyn ediler.


Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ