Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 33:9 - Mukaddes Kitap

9 Ýurt ýas tutup, ruhdan düşýär, Liwan utançdan saralyp-solýar, Şaron Araba çöli kimindir; Başan we Karmel ýapraklaryny dökýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Юрт яс тутуп, рухдан дүшйәр, Ливан утанчдан саралып-соляр, Шарон Араба чөли киминдир; Башан ве Кармел япракларыны дөкйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 33:9
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gök üzümleri dökülen üzüm agajy, gülleri dökülen zeýtun agajy ýalydyr olar.


Men Şaronyň bägüli, dereleriň çigildemidirin.


Tokaýyň gür ýerlerini palta bilen çapar, Liwan Gudratly Bolanyň öňünde ýykylar.


Serwiler we Liwanyň kedr agaçlary üstünden şatlanyp, şeýle diýýärler: „Aýak astyna düşeliň bäri, hiç kim bizi çapmaga gelmeýär“».


Liwanyň ähli beýik we belent başly kedr agaçlaryna, Başanyň bar dublaryna garşydyr,


Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar, ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez Ol, ilatyny dargadar.


Ariýele azap çekdirerin, ýas tutar, perýat eder ol, Meniň üçin gurbanlyk ojagy kimin bolar.


Gül-pürçük bolar ol, şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar. Liwanyň gözelligi, Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa. Olar Rebbiň şöhratyny, Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler.


Hyzmatkärleriň üsti bilen Taňryny masgaralap, şeýle diýdiň: ‘Birtopar söweş arabalarym bilen daglaryň üstüne çykdym, Liwanyň jümmüşine bardym, onuň iň uzyn kedr agaçlaryny, gözel serwi agaçlaryny çapdym. Men onuň iň beýik depesine, gür jeňňeline baryp ýetdim.


Meni agtaran halkym üçin Şaron sürülere öri, Akor jülgesi sygyrlara ýatak bolar».


Ysraýyly ýene öz örüsine getirerin, ol Karmelde, Başanda otlap, Efraýym dagyndaky Gilgatda gerk-gäbe doýar.


Şonuň üçin toprak hasrat çekýär. Onda ýaşaýanlar ejizleýärler. Sähradaky haýwanlar hem asman guşlary, hatda deňizdäki balyklar gyrylýarlar.


Amos şeýle diýdi: «Reb Siondan nagra çekýär, Iýerusalimden sesini eşitdirýär. Çopanlaryň öri meýdanlary solýar, Karmel dagynyň başy guraýar».


Ýa Reb, Öz mirasyň bolan bu sürä, Öz halkyňa hasaň bilen çopançylyk et! Olar tokaýlarda, gök ýaýlalarda ýeke ýaşaýarlar; gadymkylar deý Başanda, Gilgatda otlat olary.


Ol buýrugy bilen deňizleri guradýar, bütin derýalary takyradýar, Başan we Karmel daglary solýar, Liwanyň gülleri solýar.


Lidada we Şaron düzlüginde ýaşaýanlaryň hemmesi Eneýi görüp, Rebbi iman etdiler.


Şol bir wagtyň özünde biz onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Ol ýerde basyp alynmadyk ýekeje-de gala galmady. Biz olaryň jemi altmyş galasyny, Oguň Başandaky hanlygy bolan tutuş Argop topragyny basyp aldyk.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ