Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 33:6 - Mukaddes Kitap

6 Ol seniň döwürleriň berk binýadydyr, bol danalyk hem bilim bolar; Ol yzygiderli halas eder. Rebden gorkmak halkynyň hazynasydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ол сениң дөвүрлериң берк бинядыдыр, бол даналык хем билим болар; Ол ызыгидерли халас эдер. Ребден горкмак халкының хазынасыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 33:6
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb onuň bilendi. Hizkiýa nirä gitse-de, onuň işi oňuna boldy. Ol Aşur patyşasyna garşy gozgalaň turuzdy we oňa gulluk etmekden boýun gaçyrdy.


Ynamyň Hudaýdan gorkmakda, umydyň päk durmuşda dälmi?


Biriniň ýer sürende topragy agdarşy ýaly, biziň-de süňklerimiz ölüler dünýäsiniň agzynda çaşar.


Rebbiň sesi çöli sarsdyrýar, Reb Kadeş çölüni sarsdyrýar.


olaryň suwlary güwläp, joşsa-da, zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela


Danalygyň baýlygy hormat täjidir, akmaklaryň bezegi olaryň akmaklygydyr.


Rebden gorkýana güýçli gorag bardyr, onuň çagalaryna-da pena bolar.


Ynsany ölüm duzagyndan sowar ýaly, Rebden gorkmak ýaşaýyş çeşmesidir.


Köp baýlyk bilen kynçylykda ýaşanyňdan, az baýlyk bilen Rebden gorkup ýaşamak ýagşydyr.


Kim Rebden gorkýan bolsa ýaşar! Ol kanagatly hem kynçylyksyz ýaşar.


şonda Rebden gorkmaklyga akyl ýetirip, Hudaýy tanamagy başararsyň.


Ýurt gozgalaň etse, serdary köpelýändir, aň-düşünjeli adam arkaly bolsa, abadanlyk dowam edýändir.


Patyşa ýurdy adalat bilen berkidýändir, para alýan bolsa ony tozdurýandyr.


Danalygyň saýasy puluň saýasy kimindir. Bilimiň bähbidi budur: danalyk oňa eýe bolanlara ýaşaýyş berýär.


Paýhas dana adamy şäherdäki on hökümdardan has güýçli edýändir.


Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar.


Şol gün Ýahuda ýurdunda şu aýdym ýaňlanar: «Bizde güýçli şäher bar, Hudaýyň halas edişi diwarlardyr seňňerler ýalydyr.


Dogrulygyň miwesi rahatlyk, netijesi asudalyk, ebedi howpsuzlykdyr.


Halkym öýlerinde rahatlykda, howpsuz ýerlerde, asuda mesgende ýaşarlar.


Baýramlar geçirilýän Sion şäherine seret! Gözleriňiz asuda mekan, sarsmaz çadyr bolan Iýerusalimi görer, onuň gazyklary sogrulmaz asla, ýüpleriniň hiç biri üzülmez.


Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz.


Ýesirler basym azat ediler, ölmez, gabra inmez olar, çörekleri kemlik etmez.


Gözleriňizi göklere dikiň, aşaga, ýere serediň; gökler tüsse kimin ýitip gider, ýer ýüzi eşik kimin tozar; onda ýaşaýanlar hem çybyn dek ölerler, emma Men ynsanlary baky halas ederin, olary azat ederin.


Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Suwlaryň deňzi dolduryşy deýin, bütin ýer ýüzi-de, Rebbiň şöhraty hakyndaky bilimden dolar.


Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.


ynjatsalar-da, elmydama şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zadymyz bolmasa-da, ähli zada eýediris.


Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr. Ýöne özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirmek hemmetaraplaýyn peýdalydyr. Sebäbi munda häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasy bardyr.


Hakykatda bolsa, baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýörelgesine eýermek uly gazançdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ