Şonuň üçin hem olara garşy bu sözleriň baryny pygamberlik et-de, şeýle diý: „Reb ýokardan nagra çeker, mukaddes mekanyndan seslener, agylyna garşy güňleç arlar. Bütin dünýäniň ilatyna garşy üzüm sykýanlar kimin gygyrar.
Arryldysy ýer ýüzüniň uçlaryna ýeter, çünki Rebbiň milletler bilen dawasy bar. Ol ähli adamzada höküm çykarar, erbetleri gylyçdan geçirer“. Muny Reb aýdýandyr.