Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 33:2 - Mukaddes Kitap

2 Ýa Reb, bize merhemet et! Biz Saňa umyt baglaýarys. Säherlerine güýç ber, hasratly pursatlarda bizi halas et!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Я Реб, бизе мерхемет эт! Биз Саңа умыт баглаярыс. Сәхерлерине гүйч бер, хасратлы пурсатларда бизи халас эт!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 33:2
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb tarapdarymyz bolmadyk bolsa, adamlar bize garşy aýaga galanlarynda,


Olaryň agzy ýalan sözleýär, olar ýalan kasam üçin sag elini galdyrýar.


Çünki söýgiň gözlerimiň alnynda, gezdim men Seniň sadyklygyňda.


Ýa Reb, Seni çagyrýaryn; eşitmezlige salma, eý, meniň Gaýam, dymma, gabra inýänlere meňzemäýin men.


Ýamanlyk erbet adamy öldürer, dogry adamy ýigrenýän höküm ediler.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.


Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi, biz – Onuň söýýän halky. Sela


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Dawudyň Ýahuda çölündekä aýdan mezmury.


Ömürboýy Saňa alkyş okaryn, ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin.


Çünki Sen meniň kömegim bolduň; ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp, nagma aýdaryn.


Meni çagyranlarynda jogap bererin. Muşakgatlarda olar bilen bolaryn, azat edip, şan-şöhrata beslärin.


Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.


Şeýdip, Musa elini deňze tarap uzatdy welin, daňdan deňziň suwy öňki akymyna öwrüldi. Müsürliler ondan gaçyp çykmaga dyrjaşdylar, emma Reb müsürlileri deňziň ortasyna eltip taşlady.


Sen öz Halasgär Hudaýyňy unutdyň, Penakäriň bolan Gaýany ýatlamadyň. Şoňa görä ýakymly ösümlikler ekseň-de, özge ýurtlaň ajaýyp nahallaryny oturtsaň-da,


Sen ýoksullara pena, mätäçlere mätäçliginde pena bolduň, tupandan goraýan gaçybatalga, yssydan goraýan kölege bolduň. Rehimsizleriň gaharly demi diwara urulýan tupan kimin,


Şol gün şeýle diýler: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!»


Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.


Ýa Reb, Hökümleriňiň ýodasynda, biz Saňa intizar, Seniň adyň we ýatlanmagyň ýüregimiziň islegidir.


Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz kuwwaty bolmadyk göwreli aýalyň çaga dogurýan bolşy ýalydyr.


Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky öňündedir.


Azat etmek üçin tiz çykaryn, Men halas etmäge ýola düşdüm, gollarym halklara höküm eder, adalar Maňa intizardyrlar, gudratyma umyt baglaýarlar.


Reb hiç kimiň ýokdugyny gördi, araçynyň ýokdugyna geň galdy; Öz goly ýeňiş getirdi Oňa, Öz dogrulygy goldady Ony.


Men Ýakubyň nesillerinden ýüzüni gizleýän Rebbe intizar, Oňa umyt baglaryn.


Eý, Ysraýylyň Umydy, hasratly wagtyndaky Halasgäri! Neçün bolýaň bu ýurtda gelmişek ýaly, gijäni geçirmek üçin düşlän ötegçi ýaly?


Her säher bular täzelenýär, Seniň wepadarlygyň beýikdir!


Eý, Ysraýyl, Beýik Hudaýyňa dolan. Sen etmişleriň sebäpli büdrediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ