Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 33:14 - Mukaddes Kitap

14 Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Сиондакы гүнәкәрлер довла дүшүп, худайсызлар лерзана гелди: «Хайсымыз ялмаян одуң башында орнашып билерис?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 33:14
44 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çar tarapdan howp abanýar olara, howp olaryň söbügine düşýär.


Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa Reb şeýle diýýär: «Men şu pursat turaryn, olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».


«Rebbe tabşyrypdy özüni; goý, Ol ony halas eýlesin, ony azat etsin, çünki Reb ondan köp razy!»


Eý, Hudaý, maňa rehim-şepagat eýle, Öz sadyk söýgiňiň hatyrasyna; Öz merhemetiňiň köplügine görä, Sen öçür meniň etmişlerimi.


Çünki gelmişekler garşyma galdy, sütemkärler janymyň kastyna çykdy; olar Hudaýy äsgermeýärler. Sela


Erbet adam hiç kim kowalamasa-da gaçýandyr, dogruçyl bolsa arslan kimin batyrdyr.


Pitneçiler we günäkärler birlikde gyrlarlar, Rebbi terk edýänler-de ýok bolarlar.


Munuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Aşuryň semizlerine horluk ýollar, Onuň şöhratynyň astynda ot ýalyny tutaşar.


Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.


Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.


Hökmürowan Reb gök gürrüldisi bilen, ýer titremesi, uly şowhun bilen, harasat we tupan bilen, ýalmaýan oduň ýalny bilen geler.


Eý, özlerine daýanýan aýallar titreşiň, eý, özlerine buýsanýan aýallar sandyraşyň, eşikleriňizi çykaryp atyp, biliňize jul baglaň!


Edomyň çeşmeleri ergin şepbige topragy kükürde, ýurdy ýanyp duran şepbige öwrüler.


Ine, olar sypal kimindirler, ot olary ýandyrýar; janlaryny ýalnyň güýjünden halas edip bilmeýärler. Bu ot ne çoýunara köz, ne-de alaw bolar başynda oturara.


Oduň sypaly ýalmaýşy kimin, gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin, olaryň köki-de şeýle çüýrär, gülleri tozan kimin göge sowrular; çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler, Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.


Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez; olar bütin adamzada ýigrenji bolarlar.


Dawudyň nesli Siriýanyň Efraýym bilen birleşenini eşidende, Ahazyň ýüregi ýele titreýän jeňňel agaçlary ýaly titredi.


Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.


Pislik ot kimin ýanýar, çalydyr tikenleri ýalmaýar ol, tokaýyň gür ýerlerini tutaşdyrýar, tüsse al-asmana galýar.


Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýurt ýanar, halky ot ýakyp-ýandyrar, hiç kim öz doganyna rehim etmez.


«Bela bize gelmez ýa-da duşmaz» diýýän, halkymyň ähli günälileri gylyçdan ölerler.


Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.


Emma äht Wekiliniň geljek gününe kim çydap biler? Ol peýda bolanda, onuň öňünde kim durup biler? Çünki Ol demri eredýän ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny kimindir.


Eliň ýa aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kesip taşla. Seniň iki elli, iki aýakly bolup, ebedi oda taşlananyňdan, bir elli, bir aýakly bolup, baky ýaşaýşa gowşanyň gowudyr.


Oňa: „Eý, dost, sen toý geýimini geýmän, bu ýere nädip girip bildiň?“ diýip soraýar. Şonda ol adamyň dili tutulýar.


Ol hyzmatkärini parça-parça edip, onuň başyna ikiýüzlüleriň gününi salar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar».


Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň!


Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar».


Çünki Hudaýyňyz Reb ýakyp-ýandyryjy bir otdur, Ol gabanjaň Hudaýdyr.


Hudaýyň gazap käsesinden içer. Bu käse Hudaýyň gazabynyň şerabyndan, hiç zat garylmadyk sap şerapdan doludyr. Şeýle adam mukaddes perişdeleriň we Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ