12 Halklar ýanyp, kül bolarlar, kesilip, oda ýakylan tikenler dek bolarlar».
12 Халклар янып, күл боларлар, кесилип, ода якылан тикенлер дек боларлар».
Ýa Reb, Saňa alkyşlar bolsun! Maňa öwret Sen Öz parzlaryňy.
Ysraýylyň Nury ot, onuň Mukaddesi ýalyn bolar, ýalyn onuň tikenleridir çalylaryny bir günde ýakyp-ýandyrar.
Men gazaply däl, çalylar, tikenler garşyma çyksa, olar bilen söweşip, baryny oda ýakaryn.
Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan turup görseler, ol ýeri jesetden doly eken!
Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.
Pislik ot kimin ýanýar, çalydyr tikenleri ýalmaýar ol, tokaýyň gür ýerlerini tutaşdyrýar, tüsse al-asmana galýar.
Reb şeýle diýýär: «Men Mowaby günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki ol Edom şasynyň süňküni ýakyp küle öwürdi.