Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 32:6 - Mukaddes Kitap

6 Akmak biedeplik bilen gepleýär, onuň niýeti pislik etmekdir, işi ýamanlyk etmek, Rebbe dil ýetirmek, açlary aç, suwsuzlary suwsuz goýmakdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Акмак биэдеплик билен геплейәр, онуң ниети пислик этмекдир, иши яманлык этмек, Реббе дил етирмек, ачлары ач, сувсузлары сувсуз гоймакдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 32:6
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sagyma bak-da, gör: hiç kim maňa hormat goýmaýar, maňa indi gaçalga-da ýok, hiç kim janymyň gaýgysyny etmeýär.


Adamy öz akmaklygy ýykýar, ýüreginden bolsa Rebbe gaharlanýar.


Akmak üçin danalyk örän belentdedir, mejlisde ol agzyny açyp bilmeýär.


Ejizleriň hakyny iýýärsiňiz, ýoksullary adalatdan mahrum edýärsiňiz, dul hatynlary awlaýarsyňyz, ýetimler oljaňyz bolýar.


Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.


Pisler merhemet gazansalar-da, dogrulygy öwrenmezler, adalatsyzlyk ederler, dogrularyň ýurdunda. Rebbiň şan-şöhratyny görmezler.


Halkymy ezip, garyplary ýere çalmaga näme hakyňyz bar?» Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Emma Reb danadyr, Ol betbagtçylyk getirer, sözüni yzyna almaz, ýamanlyk edýänlere garşy aýaga galar, pislere kömek edýänlere garşy çykar.


Ýazykly bolduk, Rebbi ret etdik, Hudaýymyzdan ýüz öwürdik, sütemiň, pitnäniň gürrüňini etdik, kalbymyzdaky ýalan sözlerimizi sözledik.


Aýaklary pislige ýortýar, bigünä gan dökmäge howlugýar, pikirleri şerdir, harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda.


Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.


Efiopiýaly öz teniniň reňkini, gaplaň meneklerini üýtgedip bilermi? Siz hem şonuň ýaly şer işleriňize uýgunlaşansyňyz ýagşylyk etmegi asla bilmeýärsiňiz.


Ýaşyl ýaýlada otlaýarsyňyz, şonda-da örüleriňiziň artyp galanyny aýaklaryňyz bilen basalaýarsyňyz. Dury suwdan gansaňyz-da, galanyny aýagyňyz bilen bulaýarsyňyz.


Köpüsi günälerinden saplanar, köpüsi päklenip aklanar, emma ýaramaz adamlar şer işlerinden dönmezler. Ýaramaz adamlaryň hiç biri-de düşünmez, ýöne akylly adamlar düşünerler.


Bugdaý ýerine onuň kepegini satyp, garyplary kümşe, mätäji bir jübüt çaryga satyn alarys».


Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.


Ikimize, goý, Reb kazylyk etsin. Meniň arymy senden, goý, Reb alsyn. Köneleriň „Ýamanlyk ýamandan çykar“ diýişleri ýaly, men saňa garşy el götermerin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ