Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 32:18 - Mukaddes Kitap

18 Halkym öýlerinde rahatlykda, howpsuz ýerlerde, asuda mesgende ýaşarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Халкым өйлеринде рахатлыкда, ховпсуз ерлерде, асуда месгенде яшарлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 32:18
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, maňa jogap ber.


Diňe ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragynda doly ýagmady.


Erbet adam ýaly dogruçylyň mesgenine garşy bukuda ýatma, onuň ýurduny ýykma.


Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.


Reb sizi yzaňyzdan, gaýgyňyzdan we çeken agyr işiňizden azat edende,


Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp halklaryň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.


Ýa Reb, rahatlyk berjek Sensiň, ähli eden işlerimizi berjaý eden Sensiň.


Pikiri Özüňe ýönelenleri doly rahatlykda saklaýarsyň, çünki olar Saňa bil baglaýarlar.


Olara: «Bu dynçlyk ýeridir, argynlara dynç beriň, bu dynçlyk ýeridir» diýdi; emma diňlemek islemediler.


Munuň üçin Hökmürowan Reb, Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär: «Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz; güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar», ýöne siz islemeýärsiňiz.


Ol seniň döwürleriň berk binýadydyr, bol danalyk hem bilim bolar; Ol yzygiderli halas eder. Rebden gorkmak halkynyň hazynasydyr.


Olar jaýlar salyp, onda ýaşarlar, üzüm agaçlaryny ekip, miwesini iýerler.


Ýakupdan nesilleri çykararyn, Ýahudadan daglarymy miras aljagy; Meniň saýlanym ony miras alar, bendelerim ol ýerde ýaşarlar.


Şol günlerde Ýahuda halas bolar, Iýerusalim howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar“.


Olar mundan bu ýana milletleriň talaňyna duçar bolmazlar we ýyrtyjy haýwanlar olary iýmez. Olar howpsuz ýaşarlar, olary gorkuzan bolmaz.


Men onuň daşynyň otly diwary, içiniň şöhraty bolaryn. Muny Reb diýýär“» diýdi.


Çünki Hökmürowan Reb meni Öz şöhraty üçin iberdi. Sizi talan halklar babatda Ol şeýle diýýär: «Siona degen hut Meniň görejime degýändir.


Şol gün siz biri-biriňizi üzüm hem-de injir agaçlaryňyzyň aşagyna oturmaga çagyrarsyňyz. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr“».


Şunlukda, Hudaýyň halkyna Sabat güni ýaly ýörite bir dynçlyk garaşýar.


Hudaýyň bize bolan çäksiz söýgüsine göz ýetirip, bu söýgä ynanýarys. Hudaý söýgüdir. Söýgüde ýaşaýan adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ