Munuň üçin Hökmürowan Reb, Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär: «Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz; güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar», ýöne siz islemeýärsiňiz.
Siz şatlyk bilen çykarsyňyz, parahatlyk bilen getirilersiňiz, daglardyr depeler öňüňizde aýdyma gygyryşarlar, bütin meýdanyň agaçlary-da el çarpyşarlar.
Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar.
Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.
Olar gulum Ýakuba beren ýurdumda, ýagny siziň ata-babalaryňyzyň mesgen tutan ýurdunda ýaşarlar; özleri we çagalary, çagalarynyň çagalary ebedilik ol ýerde mesgen tutarlar, gulum Dawut ebedilik olaryň hökümdary bolar.
Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.