Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 32:13 - Mukaddes Kitap

13 Halkymyň tikendir çaly biten topragy üçin, şadyýan şäherdäki şatlykdan doly öýler üçin aglaşyň!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Халкымың тикендир чалы битен топрагы үчин, шадыян шәхердәки шатлыкдан долы өйлер үчин аглашың!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 32:13
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, şowhun-şagalaňly, goh-galmagally, şadyýan şäher! Öldürilenleriň gylyçdan ölmedi, söweşde-de ölmedi.


Asly owaldan bäri bolan, uzak ülkeleri ýurt edinen şagalaňly şäheriňiz şumy?


Bütin şan-şöhratyň gedemligini ýok etmek üçin, dünýäniň ähli abraýly adamlaryny biabraý etmek üçin, Hökmürowan Reb şeýle karar çykardy.


Köçelerde şerap üçin nalaşýarlar, şatlykdan nam-nyşan galmady, begenç dünýäni terk etdi.


Diwarly şäher terk edilýär, çöl kimin terk edilen, taşlanan ýurtdyr bu; göleler ol ýerde otlap, agaçlaryň şahalaryny iýýärler; ol ýerde ýatýarlar.


Köşklerinde tikenler, galalarynda çitçitidir bürmekler gögerer, şagallaryň mekanyna, düýeguşlaryň mesgenine öwrüler.


Üzümçiligiň on tanap ýeri bir meşik şerap berer, on batman tohum diňe bir batman hasyl berer».


Ony haraba öwrerin, ony pudamazlar, ýeri bejermezler, onda çalydyr tikenekler biter; bulutlara-da onuň üstüne ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.


Tikenekli gyrymsy agajyň ýerine serwi, çitçiti ýerine nar biter; bu Rebbe şöhrat getirer, ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar.


Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,


Şol gün bahasy müň kümüş teňňä barabar bolan müň düýp üzümli tutuş ýer çalylyk we tikenlik ýerlere öwrüler.


Ýapgytlar bilen çozujylardan goranmak üçin ýykylan bu şäheriň öýleridir Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri hakynda Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär:


Babyllylar patyşanyň köşgüni, halkyň öýlerini ýakdylar we Iýerusalimiň diwarlaryny ýykdylar.


Hamat ýurdunyň Ribla galasynda Babyl patyşasy olary öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan sürgün edildi.


Ysraýylyň günäsi bolan Awendäki seždegähler ýok ediler. Olaryň gurbanlyk sypalarynda ýandak hem gyzgan biter. Olar daglara: «Bizi örtüň!», baýyrlara: «Biziň depämize iniň!» diýerler.


Aýyrmasa Men ony edil doglan wagtyndaky ýaly çuw-ýalaňaç ederin. Ony boş çöle, gury topraga öwrerin. Teşnelikden öldürerin.


Olar weýrançylykdan gutulsalar-da, Müsür olary ýygnap alar. Memfis şäheri olary gabra gömer. Kümüş hazynasyny demirtiken örter. Çadyrlarynda ýandak biter.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ