Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 32:10 - Mukaddes Kitap

10 Eý, özlerine buýsanýan aýallar, bir ýyldan soňra titreşersiňiz, çünki üzüm hasyl bermez, miwe ýygymy bolmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эй, өзлерине буйсанян аяллар, бир йылдан соңра титрешерсиңиз, чүнки үзүм хасыл бермез, миве йыгымы болмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 32:10
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şatlyk hem begenç aýryldy hasylly baglardan; üzümçiliklerde ne aýdym aýdylýar, ne-de heşelle kakylýar; üzüm sykýançy üzüm sykmaýar, kesdim olaryň şagalaň şowhunyny.


Şol gün bahasy müň kümüş teňňä barabar bolan müň düýp üzümli tutuş ýer çalylyk we tikenlik ýerlere öwrüler.


Olaň hasylyny wes-weýran ederin, üzüm şahalary-da, injir agajy-da miwe bermez, hatda ýapraklary-da gurar. Olara näme beren bolsam, ellerinden alnar». Muny Reb aýdýandyr.


Onuň: „Oýnaşlarymyň maňa beren haky“ diýen üzümligini, injir baglaryny weýran ederin. Men olary jeňňele öwrerin, haýwanlara iýmit bolarlar.


Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.


gurap galdy üzüm agajy, solup galdy injir agajy. Nar, alma, hurma – meýdandaky baglaryň gurady bary. Gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy.


Eý, serhoşlar, aýňalyň-da, aglaň siz, täze şerap üçin nalaň, ony içýänler, çünki täze şerap agzyňyzdan kesildi.


Ol weýran etdi üzüm şahalarymy, çapym-çapym etdi injir agaçlarymy, şahalarynyň gabygyny sypyryp, ýere taşlady; üzüm şahalary-da agaryp galdy.


Injir agajy güllemese-de, üzüm agaçlary miwe getirmese-de, zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, dowar agyllary boş galyp, ýataklar mal-garasyz bolsa-da,


Mal-mülkleri olja bolar, jaýlary haraba döner, jaý salynsalar-da, ýaşamazlar onuň içinde, üzüm agaçlaryny oturdarlar, emma olaryň şerabyndan içmezler».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ