Ähli ruhany baştutanlary bilen halk birlikde milletleriň ähli ýigrenji işlerine eýerdiler, biwepalyk çakdanaşa artdy. Olar Rebbiň Iýerusalimde mukaddes eden öýüni murdar etdiler.
Git-de, bu sözleri demirgazyga jar edip, şeýle diý: „Eý, biwepa Ysraýyl, Maňa dolan! Muny Reb aýdýandyr. Men merhemetlidirin, indi Men saňa gazaply bakmaryn, gaharymy baky saklamaryn. Muny Reb aýdýandyr.
Eý, biwepa halk, Maňa dolan, muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki siziň hojaýynyňyz Mendirin. Men sizi bir-birden şäherden, iki-ikiden urugdan çykaryp, Siona getirerin.
Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Maňa tarap öwrülsinler. Şonda Menem size tarap öwrülerin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
Ilki bilen Damaskda, Iýerusalimde, soňra tutuş Ýahudyýada, şeýle hem, keseki milletleriň arasynda: „Günäleriňiz üçin toba ediň, Hudaýa dolanyň, toba edendigiňizi oňat işleriňiz bilen subut ediň“ diýip wagyz etdim.