Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 31:5 - Mukaddes Kitap

5 Guşlaryň ganat gerip, öz çagalaryny goraýşy dek, Hökmürowan Reb-de Iýerusalimi gorar; Ol ony gorar, halas eder, rehim eder, azat eder».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Гушларың ганат герип, өз чагаларыны горайшы дек, Хөкмүрован Реб-де Иерусалими горар; Ол оны горар, халас эдер, рехим эдер, азат эдер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 31:5
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dünýä şekilsiz boşlukdy, suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň Ruhy perwaz urýardy.


Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».


Şeýdip, Reb Hizkiýany hem Iýerusalim ilatyny Aşur patyşasy Sanheribiň we ähli duşmanlarynyň elinden halas edip, olary dumly-duşdan gorady.


Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi, biz – Onuň söýýän halky. Sela


Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen, Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.


siz olara: „Bu Rebbe berilýän Pesah gurbanlygydyr. Müsürde Reb müsürlileri öldürende, ysraýyllaryň öýleriniň üstünden sowlup geçdi, biziň janymyzy aman galdyrdy“ diýip jogap beriň». Muňa ysraýyllar başlaryny egip, sežde etdiler.


„Müsürlilere näme edendigimi siz gördüňiz, bürgüdiň öz çagasyny ganatynda göterip gelşi ýaly, Men hem sizi ýanyma şeýdip alyp geldim.


Milletleriň baýlygyny tapdy elim, höwürtge tapan ýaly; terk edilen ýumurtgalaryň ýygnalyşy kimin, bütin dünýäni ýygnadym. Ganat kakyp, agzyny açyp, ses çykaran bolmady».


Şol gün Ýahuda ýurdunda şu aýdym ýaňlanar: «Bizde güýçli şäher bar, Hudaýyň halas edişi diwarlardyr seňňerler ýalydyr.


Men – Reb onuň sakçysydyryn, ony her pursat suwarýaryn, hiç kim zyýan ýetirmesin diýip, gije-gündiz goraýaryn.


Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.


Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».


Men seni we bu şäheri Aşur patyşasynyň elinden halas ederin. Men Iýerusalimi goraryn’ diýýär diý“».


Şonda Reb Öz halkynyň üstünde peýda bolar, ýyldyrym deý uçar Onuň peýkamy. Hökmürowan Reb surnaý çalar-da, günortadan harasat turzup, ýola düşer.


Goragçy hökmünde Öz mekanymda düşlärin, ýeke adam hem eýläk-beýläk geçmez. Sütemkär aman galanlara aralaşmaz, çünki indi olara hut Özüm nazar salaryn.


Çagalarynyň üstüne ganat gerýän bürgüt deý, höwürtgesinden olara uçmagy öwretdi. Ganatyny gerip, olary tutdy, ganaty bilen olary daşady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ