Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 31:4 - Mukaddes Kitap

4 Çünki Reb maňa şeýle diýdi: «Arslan, awunyň başynda arlaýan ýaş arslan, bir topar çopan bolup, daşyna geçseler-de, olaryň sesinden gorkmaz, galmagallaryndan ürkmez, Hökmürowan Reb-de, Sion dagynda, onuň depesinde uruşmak üçin aşak iner şeýdip.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Чүнки Реб маңа шейле дийди: «Арслан, авуның башында арлаян яш арслан, бир топар чопан болуп, дашына гечселер-де, оларың сесинден горкмаз, галмагалларындан үркмез, Хөкмүрован Реб-де, Сион дагында, онуң депесинде урушмак үчин ашак инер шейдип.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 31:4
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahazyýal şeýle diýdi: «Eý, ýahuda halky, Iýerusalimiň ilaty, patyşa Ýehoşapat, gulak asyň! Reb size şeýle diýýär: „Siz bu beýik goşundan gorkmaň, heder etmäň, çünki uruş siziňki däldir, Hudaýyňkydyr.


Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi.


Reb olaryň söweş arabalarynyň tigirlerini batga batyrdy, şonuň üçin hem, olara arabalaryny sürmek gaty kyn düşdi. Şonda müsürliler: «Ýörüň, ysraýyllardan gaçalyň, çünki Müsüriň garşysyna olar üçin Reb söweşýär» diýdiler.


Munuň üçin Hökmürowan Taňry Reb, Aşuryň semizlerine horluk ýollar, Onuň şöhratynyň astynda ot ýalyny tutaşar.


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.


Rebbiň olaryň üstünden inderýän jeza hasasynyň her zarbasy depreklerdir liralar bilen amala aşyrylar; Reb gazaply söweşler bilen garşysyna çykar onuň.


Reb pälwan dek öňe gidýär, urşujy kimin gazabyny artdyrýar, gygyryp, söweş nagrasyny çekýär, duşmanlaryndan üstündigini görkezýär.


Men-Reb arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim?


Reb arslan ýaly nagra çeker. Olar Rebbiň yzyna eýererler. Nagra çekende, Onuň çagalary günbatardan titreşip geler.


Arslan arlar-da, kim gorkmaz? Hökmürowan Reb sözlär-de, kim pygamberlik etmez?»


Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar.


Onsoň Reb çykyp, söweş günündäki ýaly edip, şol halklaryň garşysyna urşar.


Men onuň daşynyň otly diwary, içiniň şöhraty bolaryn. Muny Reb diýýär“» diýdi.


Hökmürowan Reb halkyny gorap saklar. Halk öz duşmanlaryny ýok edip, sapan bilen uruşýanlary depeläp ýenjerler. Toýda şerap içen ýaly içip gygyryşarlar. Olar gurbanlyk legeni ýaly gandan doly bolup, gurbanlyk sypasynyň burçlary kimin gandan dolarlar.


Goragçy hökmünde Öz mekanymda düşlärin, ýeke adam hem eýläk-beýläk geçmez. Sütemkär aman galanlara aralaşmaz, çünki indi olara hut Özüm nazar salaryn.


arslanyň arryldysyna meňzeş batly ses bilen gygyrdy. Soňra ýedi gök gürrüldisi gürledi.


Şonda ýaşulularyň biri maňa şeýle diýdi: «Aglama! Ine, Ýahuda tiresinden, Dawudyň kökünden bolan Arslan üstün çykdy. Ol ýedi möhür bilen möhürlenen düýrlenen kagyzy açmagy başarar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ