Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 30:8 - Mukaddes Kitap

8 Indi git-de, muny ýasy daş bölegine ýaz, düýrlenen kagyza geçir. Bu geljekki günler üçin ebedi şaýat bolsun!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Инди гит-де, муны ясы даш бөлегине яз, дүйрленен кагыза гечир. Бу гелҗекки гүнлер үчин эбеди шаят болсун!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 30:8
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.


Rebbiň kitabyndan okap agtaryň: bulardan hijisi-de kem bolmaz, hiç biri öz jübütini ýitirmez. Muny Reb buýurdy, Onuň Ruhy olary üýşürdi.


Reb maňa: «Bir uly tagta al-da, aýdyň görünýän harplar bilen onuň ýüzüne „Maher-şalal-haşbaz“ diýip ýaz.


Ýüreginiň niýetini amala aşyrýança, Rebbiň gahar ody ýatyşmaz. Siz muňa ahyrky günlerde düşünersiňiz.


«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Saňa aýdan ähli sözlerimi bir kitaba ýaz.


«Özüňe düýrlenen kagyz al-da, Ýoşyýanyň döwründe seniň bilen gepleşen günümden tä şu güne çenli Ysraýyl, Ýahuda we ähli milletler hakynda saňa aýdanlarymyň baryny ýaz.


Onsoň Ýermeýa Neriýanyň ogly Barugy çagyrdy. Baruk hem Rebbiň Ýermeýa aýdan ähli sözlerini onuň dilinden bir kagyza ýazdy.


Emma ahyrky günlerde Men Mowabyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr. Ine, Mowabyň jezasy şu ýerde gutarýar».


Ýermeýa Babylyň başyna geljek ähli betbagtlyklary, Babyla degişli bu sözleriň baryny bir kagyza ýazdy.


Sen ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin halkym Ysraýylyň üstüne hüjüm edersiň. Eý, Gog, ahyrky günlerde Men seni Öz ýurduma hüjüm etdirerin, sen arkaly milletlere mukaddesligimi aýan edip, Özümi tanadaryn».


Reb maňa şeýle jogap berdi: «Aýanlygy ýaz, habarçy bir nazarda okar ýaly, ony düşnükli hem aýdyň edip ýaz.


Ine, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljek günlerde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.


Şonuň üçin hem indi bu aýdymy ýazyp alyň we ysraýyllara öwrediň, olar okasynlar. Şonda bu aýdym Maňa ysraýyllaryň garşysyna şaýat bolar.


Edil şol gün Musa bu aýdymy ýazyp, ysraýyllara öwretdi.


Çünki ölenimden soňra, meniň size buýran ýolumdan çykyp, büs-bütin azgynçylyga baş urjakdygyňyzy men bilýärin. Ahyrky günlerde başyňyzdan bela-beter iner, sebäbi siz Rebbiň nazarynda pis iş edip, öz etmişleriňiz sebäpli Onuň gaharyny getirersiňiz».


Ahyrky günlerde, bu zatlaryň ählisi başyňyzdan inende, betbagtçylyga uçranyňyzda, siz Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, Oňa gulak asarsyňyz.


Mukaddes Ruh ahyrky günlerde käbir adamlaryň imandan dänip, azdyryjy ruhlara we jynlaryň taglymatlaryna eýerjekdiklerini aýdyň aýdýar.


Ähli zatdan öňürti şuny biliň: ahyrky günlerde öz betnebislerine çapýan bihaýa ýaňsylaýjylar peýda bolar.


Olar size: «Dünýäniň ahyrky günlerinde öz ten höweslerini kanagatlandyrýan ýaňsylaýjylar peýda bolar» diýipdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ