Emma Aşur patyşasy Hoşeýanyň dönüklik edýänini gördi, çünki Hoşeýa Müsür patyşasy Sonuň ýanyna çaparlar ýollapdy hem-de ol her ýylkysy ýaly Aşur patyşasyna tölemeli salgydyny tölemändi. Şonuň üçin hem Aşur patyşasy ony tutup tussaghana saldy.
Zogan şäheriniň hökümdarlary akmakdyr! Faraonyň paýhasly maslahatçylary pähimsiz maslahat berýärler, siz faraona nädip: «Men akyldarlaryň ogludyryn, gadymy şalaryň neslidirin» diýip bilýärsiňiz?
Hoşboý ysly ýag bilen Molek hudaýyň ýanyna gitdiňiz, atyrlaryňyzy köpeltdiňiz; uzak ýerlere ýolladyňyz ilçileriňizi, hatda ölüler dünýäsine inderdiňiz.
Müsüriň boýuntyrygyny döwen günüm Tahpanhesde gündiz gijä öwrüler. Onuň kuwwatynyň buýsanjy tamamlanar; ony bir gara bulut gaplar we şäheriň halky sürgüne gider.
Olar ýok zada ýüz tutýarlar. Olar ygtybarsyz ýaýa meňzeýärler. Olar zäherli dilinden, emeldarlary gylyçdan ýykylar. Munuň üçin Müsürde olaryň üstünden güljekler».
Abadýa gelen aýanlyk: Hökmürowan Reb Edom barada şeýle diýdi: «Milletlere wekiliň iberilendigine habar geldi. Rebden gelen wekiliň: „Turuň, Edoma garşy söweşe çykalyň!“ diýen habaryny eşitdik.