Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 30:32 - Mukaddes Kitap

32 Rebbiň olaryň üstünden inderýän jeza hasasynyň her zarbasy depreklerdir liralar bilen amala aşyrylar; Reb gazaply söweşler bilen garşysyna çykar onuň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Реббиң оларың үстүнден индерйән җеза хасасының хер зарбасы депреклердир лиралар билен амала ашырылар; Реб газаплы сөвешлер билен гаршысына чыкар онуң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 30:32
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Näme sebäpden sen gaýtjakdygyňy menden ýaşyrdyň? Men seni şady-horramlyk hem aýdym bilen, deprek we lira bilen ugradardym.


Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy.


Rahatlykda ýaşaýardym, emma Hudaý meni sarsdyrdy, boýnumdan tutup, bölek-bölek etdi, meni Özüne nyşana edindi.


Şonuň üçin Gudratygüýçli-Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Meniň Sionda ýaşaýan halkym! Müsürliler kimin size garşy hasasyny galdyryp, taýak bilen uranda, siz aşurlylardan gorkmaň.


Orep gaýasynda midýanlary weýran edişi kimin, Hökmürowan Reb olara garşy gamçy galdyrar. Hasasyny Müsürde ýokary galdyryşy kimin deňziň üstüne uzadar.


Müsür deňziniň aýlagyny bütinleý guradar Reb, güýçli ýeli bilen elini Ýewfrat derýasyna galgadar, ýedi çeşmä böler ony, çarykly geçerler adamlar ondan.


Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrar gorkusyndan ýaňa titreşerler.


Reb ýeri lerzana salmaga galkanda, ynsanlar Onuň howpundan, şan-şöhratyndan, gaýalardaky gowaklara, ýeriň deşiklerine girerler.


Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar, ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez Ol, ilatyny dargadar.


Depreklerem şat owazyny kesdi, şadyýan sesler eşidilmedi, lira sem boldy.


Mukaddes baýram bellenýän gijesindäki dek aýdym aýdarsyňyz; Rebbiň dagyna, Ysraýylyň Gaýasyna tüýdük çalyp çykýan dek, ýüregiňiz şatlanar.


Çünki Reb maňa şeýle diýdi: «Arslan, awunyň başynda arlaýan ýaş arslan, bir topar çopan bolup, daşyna geçseler-de, olaryň sesinden gorkmaz, galmagallaryndan ürkmez, Hökmürowan Reb-de, Sion dagynda, onuň depesinde uruşmak üçin aşak iner şeýdip.


Men seni ýene dikelderin, sen täzeden dikelersiň, eý, Ysraýyl boý gyzy! Sen ýene deprekleriňi alyp, şadyýan tans edýänlere goşularsyň.


Sen Eremde – Hudaýyň bagyndadyň; lagyl, topaz, göwher, sary ýakut, hakyk, ýaşyl gaşlar, ýakut, pöwrize we zümerret ýaly ähli gymmatbaha daşlara we altyna gaplanypdyň; gaş öýeleriňdir oýma nakgaşçylyk işleriň hem altyndandy, bularyň ählisi seniň ýaradylan günüň taýýarlanypdy.


Köp halklary saňa aňkardaryn, öňlerinde gylyjymy bulaýlanymda, olaryň patyşalary sen sebäpli gaty gorkarlar; seniň agdarylan günüň olaryň ählisi öz janlary üçin her pursatda titrär».


Şol wagt Hudaýyň sesi ýeri sarsdyrypdy, emma indi Ol: «Men ýene bir gezek diňe ýeri däl, gögi-de sarsdyraryn» diýip söz berdi.


Ondan gidip, Gibgadaky Hudaýyň baýryna bararsyň. Ol ýerde piliştlileriň bir bölek goşuny bardyr. Gala giren ýeriňde, seždegähden inip gelýän pygamberler toparyna duşarsyň. Olar öňlerinde arfa, deprek, tüýdük we lira çaldyryp, joşup, pygamberlik edip gelýändirler.


Dawut Jalut piliştlini öldürenden soň, adamlar öýlerine gaýdyp gelýärkäler, ähli Ysraýyl galalaryndan gelen aýallar Şawul patyşany garşylamaga çykdylar. Olar deprekdir beýleki saz gurallaryny çalyp, şadyýan aýdymlar aýdýardylar, tans edýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ