Şonuň üçin Gudratygüýçli-Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Meniň Sionda ýaşaýan halkym! Müsürliler kimin size garşy hasasyny galdyryp, taýak bilen uranda, siz aşurlylardan gorkmaň.
Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.
Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.