Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 30:3 - Mukaddes Kitap

3 Faraonyň goragy olara utanç, ryswalyk bolar Müsüriň kölegesini penalamak.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Фараоның горагы олара утанч, рысвалык болар Мүсүриң көлегесини пеналамак.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 30:3
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seret, ine, sen döwük gamyş kysymly Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin şeýledir.


Hiç kim oňa, goý, merhemet etmesin, ýetimlerine hiç kimiň haýpy gelmesin.


Aladaly günde wepasyz adama ynanmak, çüýrük dişe we maýyp aýaga ynanan ýalydyr.


Efiopiýa umyt baglaýan, Müsüre öwünýän halk gorkar we utanja galar.


Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?“».


Ine, sen döwük gamyş kysmy Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin-de şeýledir.


Neçün yzly-yzyna edýärsiň sen dönüklik? Aşurda masgara bolşuň dek, masgara bolarsyň Müsürde hem.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Iýerusalim halkynyň üstüne gahar-gazabymy döküşim ýaly, Müsüre gitseňiz, siziň üstüňize-de gaharymy dökerin. Siz nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarsyňyz. Bu ýere gaýdyp gelmersiňiz“.


Indi bolsa bilip goýuň, gidip, ýaşajak bolýan ýeriňizde siz gylyçdan, açlykdan we mergiden ölersiňiz».


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Tebes şäheriniň hudaýy Amony, faraony, Müsüri, onuň hudaýlaryny, patyşalaryny jezalandyraryn. Faraona bil baglanlary


Ysraýyl halky senden ýapyşanda, sen döwlüp, ysraýyllaryň eginlerini ýaraladyň; saňa ýaplananlarynda, sen owranyp, billerini döwdüň“».


Göle beýik patyşa üçin sowgat bolup, Aşura äkidiler. Efraýym masgaralanar, Ysraýyl agaç butundan uýada galar.


Mukaddes Ýazgylar hem: «Oňa bil baglan utandyrylmaz» diýýändir.


Şeýle umyt bizi utandyrmaz, sebäbi berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüregimiz Hudaýyň söýgüsinden dolup-daşýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ