Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 30:29 - Mukaddes Kitap

29 Mukaddes baýram bellenýän gijesindäki dek aýdym aýdarsyňyz; Rebbiň dagyna, Ysraýylyň Gaýasyna tüýdük çalyp çykýan dek, ýüregiňiz şatlanar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Мукаддес байрам белленйән гиҗесиндәки дек айдым айдарсыңыз; Реббиң дагына, Ысрайылың Гаясына түйдүк чалып чыкян дек, йүрегиңиз шатланар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 30:29
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol deňiz suwlaryny üýşmek kimin ýygnady, düýpsüz suwlary howdanlara sygdyrdy.


Şonda Hudaýyň gurbanlyk sypasyna, keýpiköklügim bolan Hudaýyma bararyn. Eý, Hudaý, meniň Hudaýym, men Saňa lirada öwgi nagmasyny aýdaryn.


Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene Oňa – Halasgärime we Hudaýyma öwgi aýdaryn.


Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Sen öz Halasgär Hudaýyňy unutdyň, Penakäriň bolan Gaýany ýatlamadyň. Şoňa görä ýakymly ösümlikler ekseň-de, özge ýurtlaň ajaýyp nahallaryny oturtsaň-da,


Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna – Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.


Şol gün Ýahuda ýurdunda şu aýdym ýaňlanar: «Bizde güýçli şäher bar, Hudaýyň halas edişi diwarlardyr seňňerler ýalydyr.


Rebbe ebedilik bil bagla, çünki Beýik Hudaý ebedi Gaýadyr.


Onuň demi joşup, kekirdege ýetýän çeşme kimindir, milletleri heläkçilik eleginden geçirer, halklaryň agzynda ýoldan azaşdyrýan agyzzyryk bolar.


Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.


Gorkmaň, eýmenmäň, Saňa owaldan aýtmadymmy, bildirmedimmi näme? Siz Meniň şaýatlarym! Hudaý barmy Menden başga? Başga Gaýa ýokdur, hiç birini bilmeýärin».


şatlykdyr gülki sesi, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesi, Rebbiň öýüne şükür sadakalaryny getirip, şu aýdymy aýdýanlaryň sesi ýaňlanar: ‘Hökmürowan Rebbe alkyş bolsun! Çünki Reb ýagşydyr, sadyk söýgüsi bakydyr!’ Men ýurduň öňki abadançylygyny ozalkysy ýaly gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“.


Ol gün siziň üçin Sabat, doly dynçlyk günüdir. Siz agyz bekläň. Aýyň dokuzy gününiň agşamyndan ertesi agşama çenli Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetiriň».


Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.


Bu baýramçylykda siziň özüňiz, ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dullar – hemmäňiz bile şatlanyň.


Ony Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde beriň. Pesah gurbanyny diňe şol ýerde, Müsürden çykan günüňizdäki wagtda, agşamara Gün ýaşar wagtlary beriň.


Çünki biziň Gaýamyz ýaly däl olaň gaýasy, duşmanymyzyň özi hem bilýär muny.


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ