Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 30:27 - Mukaddes Kitap

27 Ine, Rebbiň Özi uzakdan gelýär, lowlaýan gazap bilen gara buludyň içindedir Ol; dodaklary gahardan doly, dili ýalmaýan ot kimindir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Ине, Реббиң Өзи узакдан гелйәр, ловлаян газап билен гара булудың ичиндедир Ол; додаклары гахардан долы, дили ялмаян от киминдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 30:27
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb! Öz halkyň doga-dileglerine Sen haçana dek boljak gaharly?


Dat günüňe, Aşur! Ol gaharymyň hasasydyr! Elindäki taýagydyr gazabym!


Öz gazabynyň ýaraglary bilen bütin ýer ýüzüni weýran etmek üçin, uzak ülkelerden, dünýäniň aňry ujundan geler Reb.


Halklar ýanyp, kül bolarlar, kesilip, oda ýakylan tikenler dek bolarlar».


Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»


Edomyň çeşmeleri ergin şepbige topragy kükürde, ýurdy ýanyp duran şepbige öwrüler.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Günbatardakylar Rebbiň adyndan, gündogardakylar Onuň şöhratyndan gorkarlar. Çünki Reb ýel kowalaýan dag sili deý geler.


Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.


Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker.


Söweşdäki esgerleriň ädikleri, ähli gana bulaşan eşikleri, oda taşlanyp ýakylar.


Eý, ýahuda halky we Iýerusalim ilaty, Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläp, özüňizi Maňa bütinleý bagyş ediň. Ýogsam pis işleriňiz sebäpli Men gazabymy ot kimin lowladaryn, ony hiç kim söndürip bilmez».


Şonuň üçin hem Men olaryň üstlerine gazabymy dökdüm, gahar odum bilen olary ýakyp ýok etdim. Eden işlerini öz başlaryndan inderdim». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy.


Men seredip durkam tagtlar guruldy. Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy. Onuň geýimleri gar ýaly ap-akdy, başyndaky saçlary hem pamyk ýaly ap-akdy. Onuň tagty oduň ýalny kimindi, tigirleri ýanyp duran otdy.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň. Çünki Meniň kararym milletleri toplap, patyşalyklary bir ýere jemläp, gaharymy, lowlaýan gazabymy başlaryndan indermekdir. Gabanjaň gazabymyň ody bütin dünýäni ýakyp kül eder.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.


Ol şeýle diýdi: «Reb Sinaý dagyndan geldi, halkyna Segirden dogdy, Paran dagyndan nur saçdy. Ýanynda on müňlerçe perişde bardy, sag elinde lowlaýan ot bardy.


Çünki Hudaýyňyz Reb ýakyp-ýandyryjy bir otdur, Ol gabanjaň Hudaýdyr.


bikanun adam peýda bolar. Reb Isa agzynyň demi bilen, Öz gelşiniň şanly şöwketi bilen ony ýok eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ