Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 30:26 - Mukaddes Kitap

26 Rebbiň Öz halkynyň ýaralaryny sarap, Öz ýetiren şikesine şypa beren güni, Aýyň nury Günüň nury dek, Günüň nury ýedi Günüň nury dek, ýedi esse artyk bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Реббиң Өз халкының яраларыны сарап, Өз етирен шикесине шыпа берен гүни, Айың нуры Гүнүң нуры дек, Гүнүң нуры еди Гүнүң нуры дек, еди эссе артык болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 30:26
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki ýaralaýan-da Ol, saraýan-da Ol, şikes ýetirýän-de Ol, şypa berýän-de Ol.


Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar.


Reb Müsüri jezalandyrar, ýene-de Özi olara şypa berer. Müsürliler Rebbe dolanarlar, Reb-de olaryň ýalbarmalaryny diňläp, olara şypa berer.


Aýyň ýüzi gyzarar, Gün utanar; Hökmürowan Reb Sion dagynda, Iýerusalimde höküm sürer, Ýaşulularynyň öňünde Öz şöhratyny görkezer.


bu etmiş belent diwarda peýda bolup opurylyp gelýän jaýryk kimin bolar; diwaryň ýykylyşy duýdansyz bolup geçer.


Döwlüşi küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi kimindir; ol şeýle bir pytrar welin, döwükleriň arasynda ojakdan ot almaga, guýudan suw almaga ýarajak bölek tapylmaz».


Sion ilatynyň hijisi: «Men syrkaw» diýmez; ol ýerde ýaşaýan halkyň etmişleri ötüler.


Olaryň ýollaryny gördüm, ýöne şonda-da olara şypa bererin, olara we ýas tutýanlara ýol görkezip, teselli bererin.


Şonda nuruňyz daň kimin ýalpyldar, basym şypa taparsyňyz, dogrulygyňyz öňüňizden gider, Rebbiň şöhraty yzda goragyňyz bolar.


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Saňa „Taşlanan“ diýen ady dakyp: „Bu Sion, halyny soraýan ýok“ diýdiler. Emma Men seni ýene-de sagaldaryn, ýaralaryňa şypa bererin». Muny Reb aýdýandyr.


Men saňa näme diýeýin? Eý, Iýerusalim gyzy, seni nämä meňzedeýin? Eý, Sion boý gyzy, teselli berer ýaly, seni nämä deňeşdireýin? Seniň heläkçiligiň deňiz deý ägirt, kim şypa berer saňa?


«Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.


Iki günden soňra bizi direlder, Has takygy – üçünji güni Ol bizi aýaga galdyrar. Onuň huzurynda ýaşaryş.


Şol gün Men Dawudyň ýykylan çadyryny dikelderin, böwsülen böwürlerini bejererin, weýran bolan ýerlerini oňaryp, gadym döwürdäki ýaly ederin.


Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar.


Ol diňe Rebbe aýan bolan aýratyn bir gün bolar. Ol ne gündize meňzär, ne-de gijä; agşamyna ýagty bolar.


Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.


Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.


Şäheri ýagtylandyrmak üçin Gün ýa-da Aý gerek däl. Çünki şäheri Hudaýyň şöhraty ýagtylandyrýar, Guzy hem onuň çyrasydyr.


Şäherde gije asla bolmaz. Ne çyranyň yşygy, ne-de günüň nury gerek bolar, sebäbi Reb Hudaý olara nur saçar. Olar ebedilik şalyk sürerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ