Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 30:23 - Mukaddes Kitap

23 Reb ýere sepen tohumyňyz üçin ýagyş berer, ýer hasylynyň çöregi bol we bereketli bolar. Şol gün mal-garalaryňyz giň örülerde otlarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Реб ере сепен тохумыңыз үчин ягыш берер, ер хасылының чөреги бол ве берекетли болар. Шол гүн мал-гараларыңыз гиң өрүлерде отларлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 30:23
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Birdenkä derýadan ýedi sany bakylan, semiz sygyr çykyp, gamyşlygyň içinde otlap başlaýarmyş.


Ýedi semiz sygyr bilen ýedi dok sümmül bu ýedi ýyldyr. Bu ikisi bir düýşdür.


Ýedi ýyllyk bolçulykda toprak bol galla berdi.


Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter.


Hudaý ýalňyzlary öýli-işikli edýär, tussaglary azatlyga çykarýar; pitneçiler bolsa jöwzaly ýerde ýaşaýar.


Şol gün aşurlylaryň ýüki siziň gerşiňizden, boýuntyrygy siziň boýnuňyzdan aýrylar; semizligiňizden ýaňa boýuntyryk döwler».


her çeşmäniň boýunda ekin ekýän, öküzi, eşegi boş iberýän siz bagtly bolarsyňyz!


Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar.


Ony haraba öwrerin, ony pudamazlar, ýeri bejermezler, onda çalydyr tikenekler biter; bulutlara-da onuň üstüne ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.


Reb hemişe size ýol görkezer, gurak ýerlerde sizi kanagatlandyrar, süýegiňize kuwwat berer. Siz suwarylan bag kimin, suwy egsilmeýän çeşme kimin bolarsyňyz.


Olar jaýlar salyp, onda ýaşarlar, üzüm agaçlaryny ekip, miwesini iýerler.


Milletleriň butlarynyň arasynda ýagyş ýagdyryp bilýäni barmy? Asman çabga ýagdyryp bilermi? Muny diňe Sen edip bilýärsiň, ýa Beýik Hudaýymyz! Bularyň baryny edýän Sensiň. Sendedir umydymyz!


Çünki Ysraýyl boýun egmezek göle ýaly hötjet boldy. Indi Reb olary otluk ýerde, giň örüde tokly bakan ýaly bakyp bilermi?


Ýer size öz miwesini eçiler, siz ondan doýup iýip, howpsuz ýaşarsyňyz.


Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer.


Ekinleriňiz şeýle bir köp hasyl getirer welin, döwegiňiz üzüm ýygymyna çenli dowam eder. Üzüm ýygymy galla ekişine çenli dowam eder, çöregiňizi doýup iýersiňiz, ýurduňyzda howpsuzlykda ýaşarsyňyz.


Ýaz möwsüminde Rebden ýagyş diläň. Gara bulutlar getirýän Reb olara güýçli çabgalar ýagdyrýar, her kesiň meýdanynda otlar bitirýär.


Öýümde azyk bolar ýaly, ondan biriňiziň baryny tutuşlygyna ammara getiriň. Meni munuň bilen synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?


Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.


Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.


Ol siziň topragyňyza güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz wagtynda ýagdyrar. Siz dänäňizi, şerabyňyzy we ýagyňyzy ýygnarsyňyz.


Bedeni türgenleşdirmegiň peýdaly taraplary bardyr. Ýöne özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirmek hemmetaraplaýyn peýdalydyr. Sebäbi munda häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasy bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ