Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 30:22 - Mukaddes Kitap

22 Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy, altyna gaplanan heýkelleriňizi haram saýarsyňyz; olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz, siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Онсоң күмүш билен өртүлен бутларыңызы, алтына гапланан хейкеллериңизи харам саярсыңыз; олары харам эсги хөкмүнде ташларсыңыз, сиз олара: «Гүм болуң!» диерсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 30:22
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pesah baýramy tamamlanandan soň, ol ýerdäki bütin ysraýyl halky Ýahuda galalaryna gidip, dikme daşlary kül-owram edip, Aşera butlaryny kesdiler. Bütin ýahuda, benýamin, efraýym we günbatardaky manaşa tireleriniň ýaşaýan ýerlerinde bolan seždegähleri we gurbanlyk sypalarynyň ählisini ýok etdiler. Onsoň ysraýyl halkynyň hersi öz galalaryna, öz mülklerine dolandy.


Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.


Şol gün her kes, günä üçin öz eli bilen ýasan altyndyr kümüş butlaryny ret eder.


Butumy? Ony bir hünärment guýýar, zergär ony altyna gaplaýar, onuň üçin kümüş zynjyr ýasaýar.


Altyny torbadan guýýanlar, kümşi terezide çekýänler bir zergäri hakyna tutýarlar, ol-da olardan bir hudaý ýasaýar; olar ýere ýüzin düşüp, oňa sežde edýärler.


Sion elini uzadýar, emma oňa teselli berýän ýok. Ýakuba duşman boluň diýip, Reb emr etdi goňşy halklara. Iýerusalim olaryň arasynda murdar zada öwrüldi.


Munuň üçin ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Toba ediň we butlaryňyzdan el çekiň, ähli nejis işleriňizden ýüz öwrüň.


Ol daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýmez, ysraýyl halkynyň butlaryna göz dikmez, goňşusynyň aýaly bilen zyna etmez ýa-da aýalynyň aýbaşyly wagtynda onuň bilen ýatmaz.


Onsoň erbet ýollaryňyzy, pis işleriňizi ýatlap, etmişleriňizden we nejis işleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Kümüşleri köçelere taşlanar, altynlary murdar hasaplanar. Altyn-kümüş olara günä etdirýän büdreme daşyna öwrüldi. Şonuň üçin Rebbiň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez, açlykdan gutarmaz ýa-da garynlaryny doýurmaz.


Olar Meniň öýümiň şaý-sepleriniň gözelligi bilen özlerini gopbamsy tutdular we olardan nejis butlary we ýigrenji zatlary ýasadylar. Şonuň üçin hem Men bu şaý-sepleri olar üçin murdar zada öwürdim.


Olar dolanyp, Meniň saýamda ýaşarlar. Bugdaý kimin bol bolarlar. Üzüm ýaly güllärler. Olaryň ysy Liwan şeraby ýaly bolar.


Erişden tikilen bolsun ýa-da argaçdan, ýüňden ýa-da nepis zygyr matadan, ýa-da deriden – parhy ýok, ruhany ol zeň ýaýran eşigi oda ýaksyn.


Şol gün Men ýurtdan butlaryň atlaryny öçürip taşlaryn. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Mundan beýläk olar ýatlanylmaz. Ýalan pygamberleri-de, erbet ruhy-da ýurtdan çykararyn.


Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.


Olaryň hudaýlarynyň butlaryny ýakyň. Özüňize almak üçin olardaky altyna, kümşe göz gyzdyrmaň, sebäbi bu size duzak bolar. Çünki bu Hudaýyňyz Reb üçin nejis zatdyr.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ