Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 30:2 - Mukaddes Kitap

2 Faraonyň penasynda penalamak üçin, Müsüriň kölegesinde gonalga gözlemek üçin, Menden geňeşsiz Müsüre gidýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Фараоның пенасында пеналамак үчин, Мүсүриң көлегесинде гоналга гөзлемек үчин, Менден геңешсиз Мүсүре гидйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 30:2
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ýehoşapat: «Bu ýerde sorar ýaly Rebbiň başga pygamberi ýokmy?» diýdi.


Emma Aşur patyşasy Hoşeýanyň dönüklik edýänini gördi, çünki Hoşeýa Müsür patyşasy Sonuň ýanyna çaparlar ýollapdy hem-de ol her ýylkysy ýaly Aşur patyşasyna tölemeli salgydyny tölemändi. Şonuň üçin hem Aşur patyşasy ony tutup tussaghana saldy.


Seret, ine, sen döwük gamyş kysymly Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin şeýledir.


«Maslahat ber, adalaty berjaý et. Günortan çagy gije kimin üstümize saýa sal. Kowulanlary gizle, gaçgaklary ele berme.


Efiopiýa derýalarynyň aňyrsynda ganatlaryny pasyrdadýan ýurduň dat gününe!


Ine, sen döwük gamyş kysmy Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin-de şeýledir.


Onsoň siz nädip jenabymyň iň pes derejeli serkerdesini ýeňip biljek? Siz söweş arabalary we atlylary bar diýip, Müsüre bil baglaýarsyňyzmy?


Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?» Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!


Indi näme üçin Niliň suwundan içmäge gidýärsiňiz Müsüre? Ýewfrat derýasyndan ganmaga gidýärsiňiz Aşura?


«Babyl patyşasy Nebukadnesaryň garşymyza uruşýandygy sebäpli biziň üçin Rebbe ýalbarsana. Belki, Reb biziň üçin Öz ajaýyp gudratlarynyň birini görkezip, Nebukadnesary ýurdumyzdan kowar» diýdi.


Şol arada faraonyň goşuny Müsürden çykypdy. Iýerusalimiň daşyny gaban babyllylar olar hakdaky habary eşidip, Iýerusalimden çekilipdiler.


„Ýok, biz Müsür ýurduna gitjek, ol ýerde uruş garasyny görmeris, surnaý sesini eşitmeris, çöreksiz açlyk çekmeris, biz ol ýerde ýaşarys“ diýseňiz,


Ýermeýa pygambere şeýle diýdiler: «Haýyşymyzy berjaý etmegiňi towakga edýäris, biziň üçin, bu aman galanlar üçin Hudaýyň Rebbe dileg et. Öz gözüň bilen görşüň ýaly, biz köpçülikdik, indi bolsa azalyp galdyk.


Meni Hudaýyňyz Rebbiň ýanyna iberip: „Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe dileg et; Hudaýymyz Rebbiň aýdan ähli zatlaryny bize bildir, biz-de ýerine ýetireris“ diýeniňizde, siz uly hata goýberdiňiz.


Olar Rebbe gulak asman, Müsür ýurduna gitdiler we Tahpanhese geldiler.


Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip-saýlany olaryň çukuryna gaçdy. Biz ol hakda: «Onuň saýasynda milletler arasynda ýaşarys» diýipdik.


Olaryň dat gününe! Çünki Menden daşlaşdylar. Bela insin başlaryna! Çünki Maňa garşy baş göterdiler. Men olary halas ederdim. Ýöne olar Men barada ýalan söz aýtdylar.


Olary başga halklar ýaran bolmaga satyn alsa, Men olary toplap ýygnaryn. Olar tizara beýik patyşanyň salgydyndan sandyrarlar.


Olar ýeke aýlanýan gulan ýaly, Aşura gitdiler. Efraýym özüne oýnaşlary satyn aldy.


Emma ol her bir meselede ruhany Elgazara maslahat salsyn. Elgazar bolsa oňa Urymyň kömegi bilen Rebbiň islegini bilip berer. Ýeşuwa we bütin ysraýyl halky hemme ýagdaýda şuňa garap iş tutsun».


Siziň indi gaýdyp görmejekdigiňize söz beren ýolumdan, Reb sizi gämiler bilen ýene-de yzyňyza Müsüre alyp gider. Ol ýerde siz özüňizi gul we gyrnak edip duşmanlaryňyza satuwa hödürlärsiňiz, emma sizi satyn alan bolmaz».


Şeýdip, ysraýyllar olaryň çöreklerinden dadyp gördüler, ýöne bu hakda Rebden maslahat soramadylar.


Tikenli agaç beýleki agaçlara bakyp: „Eger siz meniň, hakykatdan hem, özüňize patyşa bolmagymy isleýän bolsaňyz, onda meniň saýamda bukulyň. Eger şeýtmeseňiz, onda tikenli agaçdan ot çykyp, Liwanyň kedr agaçlaryny ýakyp-ýandyrar“ diýipdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ