Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 30:16 - Mukaddes Kitap

16 Siz: «Ýok, biz atly gaçarys» diýdiňiz. Şonuň üçin gaçarsyňyz! Siz: «Ýüwrük atlara müneris» diýdiňiz. Şonuň üçin kowguçylar ýüwrük bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Сиз: «Ёк, биз атлы гачарыс» дийдиңиз. Шонуң үчин гачарсыңыз! Сиз: «Йүврүк атлара мүнерис» дийдиңиз. Шонуң үчин ковгучылар йүврүк болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 30:16
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma babyllylaryň goşuny patyşanyň yzyndan kowup, Ýeriho düzlüginde yzyndan ýetdi. Patyşanyň bar goşuny onuň ýanyndan gaçyp, dagaşyp gitdiler.


Onuň beýik güýjüne bil baglap bilermikäň? Agyr işiňi oňa tabşyryp bilermikäň?


Rebbiň ýüzi betkärlere garşydyr; olary ýatlamadan ýer ýüzünde nyşan galdyrmaz.


Olaryň ýurdy altyn-kümüşden doly, hazynalary tükeniksizdir, ýurt atlardan doly, söweş arabalary san-sajaksyzdyr.


Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar.


Müsürliler Hudaý däl, ynsandyr, ruh däldir, tendir atlary; Reb elini uzadanda, kömekçi-de, kömek alan-da ýykylar, ählisi birlikde heläk bolar.


Ýahuda patyşasy Sidkiýa we onuň ähli esgerleri diýerler görenlerinde, gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler.


Ine, duşman bulut kimin gelýär, söweş arabalary harasat kimindir. Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr. Dat günümize, biz weýran bolduk!


Ýüwrük gaçyp gutulmaz, batyr halas bolup bilmez; demirgazykda, Ýewfradyň kenarynda olar büdräp ýykylarlar.


Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykyldy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gabasalar-da, ähli esgerler gije patyşanyň bagynyň ýolundan, iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Araba düzlügine tarap gaçyp gitdiler.


Bizi kowalaýanlar gökdäki bürgütlerden ýyldamdy. Olar daglarda bizi yzarladylar, çölde bizi peýläp ýatdylar.


Men gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbiň duranyny gördüm. Reb şeýle buýruk berdi: «Ybadathana söýeleri sarsýança, sütünleriň başyna ur, olary ähli ynsanyň depesinden inder. Diri galanlaryny gylyçdan geçirerin, hiç biri gaçyp-da, gutulyp-da bilmez.


Eý, Lakyş halky, ýüwrük aty araba goş. Sen Sion gyzynyň günäsiniň gözbaşysyň, çünki Ysraýylyň ýazygy senden çykdy.


Atlary barsdan ýüwrük, özlerem gijeki aç gurtdan guduz. Atlylary uzakdan ýer gazap gelýär, aw üstüne topulýan bürgüt dek okdurylýarlar.


Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapa gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar.


Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ