Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 30:12 - Mukaddes Kitap

12 Munuň üçin Ysraýyl Mukaddesi şeýle diýýär: «Bu sözi ret edip, zulum hem hilegärlige bil baglap, olara daýanýandygyňyz üçin,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мунуң үчин Ысрайыл Мукаддеси шейле диййәр: «Бу сөзи рет эдип, зулум хем хилегәрлиге бил баглап, олара даяняндыгыңыз үчин,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 30:12
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Wah, gelsedi Siondan Ysraýyl ýeňşi! Hudaý halka öňki abadançylygyny gaýtaryp berende, Ýakup begener, Ysraýyl hem şatlanar.


Janymyň kastyna çykanlar bolsa, ýeriň teýine inip giderler.


Çünki olaryň göwni zorluk barada pikir edýändir, dilleri içigaraçylygy gepleýändir.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz.


Reb halkynyň ýaşululary, hökümdarlary bilen höküme girişýär: «Üzümçiligi weýran eden sizsiňiz, öýleriňiz garypdan talan oljaňyzdan doly.


Halkymy ezip, garyplary ýere çalmaga näme hakyňyz bar?» Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


«Pitneçi halkyň dat gününe! Olar Meniňkini däl-de, öz niýetlerini berjaý edýärler; Menden soraşman ylalaşyk baglaşyp, günä üstüne günä goşýarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Müsüriň ýardamy boş hem peýdasyzdyr. Munuň üçin Men ony: «Ümsüm oturýan Rahap» diýip atlandyrdym.


Öz pisligiňe bil bagladyň; sen: «Meni hiç kim görmeýär» diýdiň. Paýhasyň we bilimiň seni azaşdyrdy, içiňden: «Diňe men, menden başga ýok» diýdiň.


Oduň sypaly ýalmaýşy kimin, gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin, olaryň köki-de şeýle çüýrär, gülleri tozan kimin göge sowrular; çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler, Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler.


Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi.


Ýazykly bolduk, Rebbi ret etdik, Hudaýymyzdan ýüz öwürdik, sütemiň, pitnäniň gürrüňini etdik, kalbymyzdaky ýalan sözlerimizi sözledik.


Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.


Samariýa Efraýymyň paýtagty, Remalýanyň ogly Samariýanyň başy, ynamda berk durmasaňyz, berk durmarsyňyz asla’“».


«Bu halk haýal akýan Şilowa suwuny ret etdi, olaryň Resiniň hem Remalýanyň oglundan köňülleri şat boldy.


Seniň nesibäň, saňa ölçäp beren paýym budur. Muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki sen Meni unutdyň, ýalana bil bagladyň.


Reb şeýle diýýär: «Men Ýahudany günä üstüne günä edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki Rebbiň kanunyny ret etdiler, Onuň parzlaryny tutmadylar, ata-babalarynyň ýalan hudaýlaryň yzyna eýerişi ýaly indi bular-da olar bilen azdylar.


Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».


Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ