Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 30:10 - Mukaddes Kitap

10 Olar görgürlere: «Görmäň», pygamberlere: «Bize dogry zatlary pygamberlik etmäň, süýji sözler aýdyň bize, hileli zatlary pygamberlik ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Олар гөргүрлере: «Гөрмәң», пыгамберлере: «Бизе догры затлары пыгамберлик этмәң, сүйҗи сөзлер айдың бизе, хилели затлары пыгамберлик эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 30:10
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahap Ylýasa: «Hä, duşmanym meni ahyry tapdyňmy?» diýdi. Ylýas oňa: «Hawa, men seni tapdym, çünki sen Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmäge ýüz urduň!


Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“».


Onsoň Asa Hanany görgüre gaharlanyp, ony zynjyrlap zyndana saldy, çünki Asa munuň üçin oňa gazaplanypdy.


Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin, Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi.


Kim Menden hasabat bermegimi soraýar? Gögüň astyndaky bar zat Meniňkidir.


Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz.


Reb sizi agyr uka batyrdy, pygamberler gözleriňizi ýumdurdy, görgürler başlaryňyzy örtdi.


Ýamana ýagşy, ýagşa ýaman diýýänleriň, zulmaty nur, nury zulmat saýýanlaryň, aja süýji, süýjä ajy diýýänleriň dat gününe!


Şonuň üçin hem seniň janyňyň kastyna çykyp: «Sen Rebbiň adyndan pygamberlik etmeli dälsiň, ýogsam biziň elimizden ölersiň» diýýän anatot halky hakynda Hökmürowan Reb şeýle diýýändir.


Olar Meni ýigrenýänlere hemişe ‘Reb size parahatlyk bolar diýdi’ diýýärler. Kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine eýerýänlere ‘Başyňyza betbagtlyk gelmez’ diýýärler.


Onsoň ruhanylar, pygamberler ýolbaşçylar bilen ähli halka ýüzlenip: «Öz gulaklaryňyz bilen eşidişiňiz ýaly, ol adamy bu şähere garşy pygamberlik edendigi üçin, ölüm jezasyna höküm etmeli» diýdiler.


Onda näme üçin size pygamberlik edýän anatotly Ýermeýa çäre görmeýärsiňiz?


Ýahuda patyşasy Ýehoýakyma bolsa, Reb şeýle diýýär diý: „Sen golýazmany ýakdyň. Babyl patyşasynyň gelip, bu ýurdy weýran etjekdigi, ondan ynsany-da, haýwany-da ýok edip taşlajakdygy hakynda näme üçin bu kagyzda ýazdyň diýip, Ýermeýadan soradyň?“.


Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär».


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


«Emma nazyr bolana şerap içirdiňiz, pygamberlere „Pygamberlik etmäň!“ diýip buýruk berdiňiz.


Emma indi gaýdyp Beýtelde pygamberlik etme, çünki bu patyşanyň mukaddes öýi we patyşalygyň ybadathanasydyr».


Ýalançy, kezzap biri gelip: «Size bol şerap we çakyr hakynda wagyz edeýin» diýse, bu halk şeýle pygamberi kabul eder.


Adamlar: «Wagyz etme» diýip, maňa wagyz edýärler, «Beýle zatlar hakda wagyz etme, biz utanja galmarys» diýýärler.


Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin.


Emma Men hakykaty aýdýandyryn. Şonuň üçinem siz Maňa iman etmeýärsiňiz.


Emma bu habar halk arasynda has-da köp ýaýramaz ýaly öňüni alalyň we mundan beýläk Isanyň ady bilen hiç kime hiç zat aýtmazlyklary üçin, olara duýduryş bereliň».


«Biz size şu at bilen wagyz etmäň diýip, berk tabşyryk bermänmidik? Siz bolsa öz taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi.


Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar.


Eýsem, men size hakykaty aýdýanlygym üçin, indi duşmanyňyza öwrüläýdimmi?


Çünki adamlaryň sagdyn taglymaty diňläsi gelmejek zamanasy geler. Şonda olar öz höweslerine ýaraşykly, gulaklaryna-da ýakymly sözleri aýtjak öwredijileri gözlärler.


Olar hakykata gulak asman, toslamalaryň yzynda selpärler.


Olar pygamberliklerini tamamlanlarynda, dowzahdan çykan jandar olar bilen urşar. Jandar olary ýeňer we öldürer.


(Öňler Ysraýylda Hudaýdan sorap görmäge gidenlerinde, «Ýör, görgüriň ýanyna gideli» diýer ekenler, çünki häzirki pygambere öňler görgür diýipdirler.)


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ