Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 30:1 - Mukaddes Kitap

1 «Pitneçi halkyň dat gününe! Olar Meniňkini däl-de, öz niýetlerini berjaý edýärler; Menden soraşman ylalaşyk baglaşyp, günä üstüne günä goşýarlar. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 «Питнечи халкың дат гүнүне! Олар Мениңкини дәл-де, өз ниетлерини берҗай эдйәрлер; Менден сорашман ылалашык баглашып, гүнә үстүне гүнә гошярлар. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 30:1
48 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seret, ine, sen döwük gamyş kysymly Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin şeýledir.


Onsoň siz nädip jenabymyň iň pes derejeli serkerdesini ýeňip biljek? Siz söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri bar diýip, Müsüre bil baglaýarsyňyzmy?


Ýalňyz bir ynsana garşy çykýar köpsanly duşman: olaryň bary meni öldürmegi niýet edinýär, men olar üçin gyşaran diwar, çagşan haýat dek.


Eý, gök, eşit, eý, ýer, gulak goý! Reb şeýle diýýär: «Men çagalary ekledim, ulaltdym, emma olar garşyma baş göterdiler.


Hökümdarlaryň pitneçä öwrüldiler, ogrulara şärikdir olar, ählisi para ýatdy, peşgeşleriň yzynda hallan atýarlar. Ýetimiň hukugyny goramaýarlar, dul hatynyň dawasyna garamaýarlar.


Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.


Näme üçin ýene-de jeza gözleýärsiňiz? Näme üçin başbozarlygyňyzy bes etmeýärsiňiz? Başyňyz bütinleý ýaralanan, ýüregiňiz durşuna solup-saralan.


Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz.


Üstünde uzalardan gysga bolar düşek, örtünmäge insiz bolar ýorgan.


Öz niýetlerini Rebden gizlemäge çalyşýanlaryň, dat gününe! Işleri garaňkylykda bolup, olar: «Bizi kim görýär? Bizi kim tanaýar» diýýärler.


Bu pitneçi halk, hilegär ogullar, Rebbiň öwüdine gulak goýmaýan ogullardyr.


Medet sorap, Müsüre gidýänleriň, atlara daýanýanlaryň, köpdükleri üçin söweş arabalaryna, güýçlüdikleri üçin atlylara bil baglaýanlaryň dat gününe! Olar Ysraýylyň Mukaddesine ýüz tutmaýarlar, Rebden maslahat soramaýarlar.


Olaryň hersi ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek bolar.


Soňra Reb Sion dagynyň her ýanyny, ol ýerde toplananlaryň üstüni gündizine bulut we tüsse bilen, gijesine parlak ot ýalny bilen örter. Bütin şöhratyň üsti örtgüli bolar.


Etmişi ýalançylyk ýüpleri bilen, günäni araba tanaplary bilen süýreýänleriň dat gününe!


Emma olar pitne turzup, Onuň Mukaddes Ruhuny ynjatdylar; Reb-de olara duşman bolup, garşylaryna söweşdi.


Men öz isleglerine eýerip, ýaman ýoldan ýöreýän pitneçi halka, günuzyn ellerimi uzadyp otyryn.


Rebbiň güýçli eli üstümdekä, Ol maňa bu halkyň ýolundan ýöremezligi duýduryp, şeýle diýdi:


«Bu halkyň dildüwşük diýýän her zadyna dildüwşük diýmäň, olaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň, heder etmäň.


Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?» Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!


Reb şeýle diýýär: «Ynsana bil baglan, ynsanyň güýjüne daýanan, ýüregi Rebden daşlaşan adama nälet bolsun!


Indi näme üçin Niliň suwundan içmäge gidýärsiňiz Müsüre? Ýewfrat derýasyndan ganmaga gidýärsiňiz Aşura?


«Menden medet soramak üçin sizi Meniň ýanyma iberen Ýahuda patyşasyna Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýiň: „Ine, size ýardam bermek üçin, Müsürden çykan faraonyň goşuny öz ýurduna Müsüre dolanar.


Olar ekin sakçylary ýaly onuň daş-töweregini gabarlar, çünki Iýerusalim Maňa garşy baş galdyrdy. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, Ýahudanyň aman galanlary, Reb size: „Müsüre gitmäň“ diýip buýurdy. Bilip goýuň, bu gün muny size duýdurandyryn.


Emma bu halk tekepbir we pitneçi. Olar azdylar, ýoldan çykdylar.


Reb maňa: «Eý, ynsan ogly! Päliýamanlar, şäherde erbet öwütler berýänler şu adamlardyr.


Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, Men seni garşyma baş göteren pitneçi millet bolan ysraýyl halkynyň arasyna iberýärin. Şu güne çenli olar we olaryň ata-babalary Maňa garşy bolup geldiler.


Pitneçi halka bir tymsal aýdyp, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gazan atar, gazan atar-da, içine suw guý.


Müsürliler indi hiç haçan ysraýyl halky üçin arkadaýanç bolmazlar. Gaýtam, Müsüriň betbagtlygy olara Müsüre dolanmak bilen eden günälerini ýatladar. Onsoň ysraýyllar Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilerler».


Seniň maňlaýyňy almaz ýaly çakmakdaşyndan hem gaty etdim. Olar pitneçi halkdyr, olardan gorkma, ýüzlerinden heder etme».


Galalarynda gylyç ýalawlanyp, derweze gözeneklerini gyrar, olary niýeti-pälleri sebäpli ýok eder.


Indi günä üstüne günä edýärler. Kümüşden özlerine butlar edinýärler. Butlar ussatlyk bilen ýasalýar. Hemmesi ussanyň işidir. Adamlara: «Gurbanlyk etsinler! Göleleri öpsünler» diýýärler.


Olaryň dat gününe! Çünki Menden daşlaşdylar. Bela insin başlaryna! Çünki Maňa garşy baş göterdiler. Men olary halas ederdim. Ýöne olar Men barada ýalan söz aýtdylar.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ine, indi bolsa siz – günäkärleriň nesli, öz atalaryňyzyň ornuna geçip, Ysraýylyň garşysyna Rebbiň gahar-gazap oduny has-da tutaşdyrdyňyz!


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Bu edilen wadany eşiden her biriňiz öz-özüňizi öwmäň we ýüregiňizde: „Biz tekepbirlik ýolumyzdan gitsek hem aman galarys“ diýip pikir etmäň. (Şeýle pikir ýagşynyň-da, ýamanyň-da başyna bela getirer.)


Meniň sizi tanan günümden bäri, siz Rebbe garşy çykyp gelýärsiňiz.


Hudaýyňyz Rebbiň çölde nähili gaharyny getirendigiňizi ýadyňyza salyň we ony unutmaň. Müsür ýurdundan çykan günüňizden, tä bu ýere gelen günüňize çenli siz Rebbe garşy baş göterdiňiz.


Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.


Şeýdip, ysraýyllar olaryň çöreklerinden dadyp gördüler, ýöne bu hakda Rebden maslahat soramadylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ