Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 3:9 - Mukaddes Kitap

9 Ýüz keşpleri özleriniň garşysyna şaýatlyk edýär, günälerini Sodom ýaly äşgär edýärler, olary ýaşyrmaýarlar, olaryň dat gününe! Betbagtçylygy satyn aldylar olar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Йүз кешплери өзлериниң гаршысына шаятлык эдйәр, гүнәлерини Содом ялы әшгәр эдйәрлер, олары яшырмаярлар, оларың дат гүнүне! Бетбагтчылыгы сатын алдылар олар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 3:9
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sodomyň halky pis işleri bilen Rebbe garşy uly günä etdiler.


Ertesi gün ýene gyzlaryň ulusy öz doganyna: «Men öten agşam kakam bilen ýatdym. Gel, bu gije-de ony serhoş edeli; sen hem onuň bilen ýat. Şeýdip, biz öz kakamyzyň üsti bilen perzentli bolarys» diýdi.


Emma Reb Kabyly we onuň sadakasyny kabul etmedi. Kabylyň muňa gaty gahary gelip, ýüzüni sallady.


Ýehu Ýizregele gelende, muny Izebel eşidip, gözlerine sürme çekdi, saçlaryna timar berip, penjireden daşary seredip durdy.


Reb Öz mukaddes ybadathanasyndadyr; Onuň tagty göklerdedir. Onuň gözleri synlaýar, nazary adamzady barlaýar.


Öwüt-nesihaty tutmaýan öz janyny ýigrenýändir, öwüdi diňleýän bolsa düşünje gazanýar.


Adamlar bar, bakyşy şeýle tekepbir, gabaklary nähili ýokary.


Kim meni tutmasa, öz janyna zyýan edýär. Meni ýigrenýänleriň ählisi ölümi söýýändir».


Eý, Sodom baştutanlary, Rebbiň sözüni eşidiň! Eý, Gomora halky, Hudaýymyzyň kanunyna gulak goý!


Reb şeýle diýýär: «Sion gyzlary tekepbirdirler, tumşuklaryny göge tutup ýöreýärler, näzirgeşip seredýärler, näz-kereşme bilen ädim ädip, aýak halkalaryny şyňňyrdadýarlar.


«Emma pisler tolkun atýan deňiz ýalydyr, olar asuda bolup bilmeýärler, tolkunlary laý we hapa çykarýar.


Öňüňde ýazyklarymyz köpdür, günälerimiz özümize garşy şaýatlyk edýär, ýazyklarymyz ýanymyzdadyr, etmişlerimizi biz bilýäris.


Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin ýagmyrlaryň yzy kesildi, ýaz ýagşy ýagmady. Sen bihaýa lola meňzediň, utanjyň nämedigini bilmediň.


Olar özlerini bihaýa alyp baryp, nejis işler etdiler, emma muňa utanmadylar. Utanyp gyzarmagyň nämedigini bilmediler. Şonuň üçin olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda, ýer bilen ýegsan bolarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Nejis işleri edenlerinde utandylarmy? Ýok, asla utanmadylar. Ýüz gyzarmanyň nämedigini hem bilmediler. Şonuň üçin hem olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda ýer bilen ýegsan bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Başymyzdan täç gaçdy. Waý halymyza! Çünki günä etdik.


Bu işleriň ählisini, utançsyz lolynyň işlerini edeniňde, ýüregiň nähili mejalsyz boldy. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ine, seniň uýaň Sodomyň etmişi şudy: onuň özi-de, gyzlary-da tekepbirdiler, olarda bol nan we doly rahatlyk bardy, emma olar garyby we mätäji goldamady.


Oholyba olary gören badyna göwün berip, babyllylaryň ýurduna çaparlar ýollady.


Onuň başyndaky on şahdan soňra çykan bir şahyň hem nämedigini bilesim geldi. Bu şahyň öňünde öňki üç şah ýykyldy. Bu şahyň gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy, görnüşi beýlekilerden has uludy.


Men seni ýok ederin, eý, Ysraýyl. Kim saňa kömek eder?


Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Ysraýyl hem Efraýymyň günälerine büdräp ýykylar. Ýahuda hem birlikde ýykylar.


Çünki günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň peşgeşi bolsa Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän baky ýaşaýyşdyr.


Olaryň jesetleri beýik şäheriň baş köçesinde serlip ýatar. Olaryň Rebbi hem bu şäherde haça çüýlendi. Adamlar ýaňsylap, bu şäheri „Sodom“ ýa-da „Müsür“ diýip atlandyrýardylar.


Soňra Şamuwel şeýle diýdi: «Amalekleriň patyşasy Agagy meniň ýanyma alyp geliň». Agak onuň ýanyna göwnühoş halda geldi. Agak öz ýanyndan «ölüm howpy sowuldy» diýip oýlandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ