Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Iýerusalimiň büdreýändigi, Ýahudanyň ýykylýandygy üçin, Rebbiň şöhratly barlygyny äsgermän sözleriniň we edýän işleriniň Rebbe garşy bolandygy üçin şeýle bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Иерусалимиң бүдрейәндиги, Яхуданың йыкыляндыгы үчин, Реббиң шөхратлы барлыгыны әсгермән сөзлериниң ве эдйән ишлериниң Реббе гаршы боландыгы үчин шейле болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 3:8
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Piliştliler Ýahudanyň günbatar baýyrlaryndaky we Negep çölündäki şäherlerine hüjüm edip, Beýtşemeşi, Aýalony, Gederoty, Sokony ýanyndaky obalary bilen, Timnany ýanyndaky obalary bilen, Gomzony ýanyndaky obalary bilen basyp alyp, şol ýerlerde mesgen tutupdylar.


Şonuň üçin hem, Reb Aşur patyşasynyň goşun serkerdelerini olaryň üstüne getirdi. Serkerdeler Manaşany gandallap, zynjyr bilen baglap, Babyla ýesir edip alyp gitdiler.


Kim gorp gazsa, oňa özi ýykylar, kim ýokary daş togalasa, ol öz üstüne gaýdar.


Ýurduňyz harabalyk, şäherleriňiz oda ýanan; kesekiler gözüňiziň alnynda ýurduňyzy ýalmaýarlar, ony haraba öwürýärler.


Ýeriň weýran edilip, çolaran bolsa-da, haraba dönen bolsa-da ýurduň, indi ýurt halkyňa darlyk eder, seni ýuwudyp-ýalmanlar senden uzaklaşarlar.


Kimiň üstünden gülýärsiňiz? Kime garşy agyz açyp, diliňizi çykarýarsyňyz? Siz ýazykly çagalar dälmisiňiz? Ýalançy nesiller dälmisiňiz?


Siziň elleriňiz gan bilen, barmaklaryňyz etmişler bilen haramlandy; dilleriňiz ýalan sözleýär, pis sözler çykýar agzyňyzdan.


Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,


Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.


Emma mundan beýläk Rebden gelen pygamberlik sözüni agzamarsyňyz, çünki her kes öz sözüni pygamberlik sözi diýip saýýar. Şeýdip, siz diri Hudaýyň, Hökmürowan Hudaýymyz Rebbiň sözlerini ýoýduňyz.


«Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygamberlik edip, ol ähli halka Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendi: „Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar“.


onda Men bu öýi Şilo kimin ýok ederin. Bu şäheri bolsa ýer ýüzüniň ähli milletleriniň arasynda nälete duçar ederin“».


Ine, duşman bulut kimin gelýär, söweş arabalary harasat kimindir. Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr. Dat günümize, biz weýran bolduk!


Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!»


Onsoň Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşulularynyň her biriniň garaňkyda butlardan doly otaglarynda näme edýänini gördüňmi? Olar Reb bizi görmeýär, Reb ýurdy terk etdi diýýärler» diýdi.


Ol maňa: «Ysraýyl bilen ýahuda halkynyň ýazygy juda çökder, ýurt gandan, şäher adalatsyzlykdan doly. Olar: „Reb ýurdy terk etdi, Reb görmeýär“ diýýärler.


Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Ysraýyl hem Efraýymyň günälerine büdräp ýykylar. Ýahuda hem birlikde ýykylar.


Olar ýok zada ýüz tutýarlar. Olar ygtybarsyz ýaýa meňzeýärler. Olar zäherli dilinden, emeldarlary gylyçdan ýykylar. Munuň üçin Müsürde olaryň üstünden güljekler».


Şonuň üçin hem siz sebäpli Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar.


Baýlary sütemden doly, halky-da ýalançy, agyzlaryndan ýalan sözler çykýar.


Pisligi görerden päkdir gözleriň, ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen. Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýaň, erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen nämä dymýaň?


Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarmakçymy? Eýsem biz Ondan güýçlümi näme?


Ol ähli adamzada kazylyk eder, günä eden hudaýsyzlary höküm eder. Hudaýsyzlaryň ýaramaz etmişlerini we Oňa garşy küpür gepländikleri üçin olary jezalandyrar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ