Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Ynsan ynsana, goňşy goňşusyna sütem eder, ýaşlar ýaşululary, garamaýak adamlar abraýly adamlary sylamazlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Ынсан ынсана, гоңшы гоңшусына сүтем эдер, яшлар яшулулары, гарамаяк адамлар абрайлы адамлары сыламазлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 3:5
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elýaşa ol ýerden Beýtele gitdi. Ol gidip barýarka, galadan ýaş oglanlar çykyp, ony masgaralap: «Heý, kel, güm bol şu ýerden! Heý, kel, güm bol şu ýerden!» diýip gygyryşdylar.


Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.


Efraýymyň gabanjaňlygy aýrylar, Ýahudanyň duşmanlary ýok ediler, Efraýym Ýahuda göripçilik etmez, Ýahuda Efraýyma duşmançylyk etmez.


«Müsürlileri biri-birine garşy öjükdirerin, dogan doganyň garşysyna, goňşy goňşusynyň garşysyna, şäher şäheriň garşysyna, patyşalyk patyşalygyň garşysyna urşar.


Pislik ot kimin ýanýar, çalydyr tikenleri ýalmaýar ol, tokaýyň gür ýerlerini tutaşdyrýar, tüsse al-asmana galýar.


Emma seniň gözüň we ýüregiň haram gazanja, bigünä gan dökmäge, zulum hem zorluk etmäge dikilipdir.


Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Men Rebdirin.


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.


Mundan beýläk ýurduň ilatyna haýpym gelmez, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men olaryň her birini goňşusynyň hem-de patyşasynyň eline bererin. Olar ýurdy weýran ederler. Men ýeke adamy-da olaryň elinden halas etmerin».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Onsoň Isanyň ýüzüne tüýkürdiler, Ony ýumrukladylar, käbirleri Oňa:


Käbirleri Onuň üstüne tüýkürip başladylar, gözlerini daňyp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Sakçylar-da Ony aralaryna alyp urdular.


Gözüni daňyp: «Hany, welilik et! Seni uran kim?» diýip soradylar.


Emma siz garyplary masgara edýärsiňiz. Ýogsam size sütem edýän baýlar dälmi? Sizi kazyýete süýreýän hem şolar dälmi?


Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ