Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 3:14 - Mukaddes Kitap

14 Reb halkynyň ýaşululary, hökümdarlary bilen höküme girişýär: «Üzümçiligi weýran eden sizsiňiz, öýleriňiz garypdan talan oljaňyzdan doly.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Реб халкының яшулулары, хөкүмдарлары билен хөкүме гиришйәр: «Үзүмчилиги вейран эден сизсиңиз, өйлериңиз гарыпдан талан олҗаңыздан долы.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 3:14
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň seni jezalandyrmasy, höküm etmesi Ondan gorkýandygyň üçinmi?


Garyby, ýoksuly öldürmek üçin, ganhor alagaraňkylykda oýanýar, gijesine bolsa ogurlyk edýär.


Süýtden aýrylmadyk ýetim çaga ogurlanýar, garybyň çagasy girew alynýar.


Öz huzuryna höküme gelsinler diýip, ynsanlara gün bellemek gerek däl Hudaýa.


onuň nazarynda ret edilen ýigrenji, emma sylaýandyr Rebden gorkýany; eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän;


Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.


Şeýle adamlar bar, ýer ýüzünden garyplary, adamlar arasyndaky mätäçleri symyşlamak üçin dişleri gylyç, azylary pyçakdyr.


Adalatsyz parzlary çykarýanlaryň dat gününe! zorluk permanyny ýazýanlaryň waý halyna!


Ejizleriň hakyny iýýärsiňiz, ýoksullary adalatdan mahrum edýärsiňiz, dul hatynlary awlaýarsyňyz, ýetimler oljaňyz bolýar.


Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.


Garyplaryň garyby doýar, mätäçler howpsuzlykda ýatarlar, emma seniň köküňi açlykdan ýaňa gyraryn, aman galanlaryňyz-da ölersiňiz.


Ol şäher ejizleriň aýaklary, mätäçleriň dabanlary bilen basgylanar».


Pukaralar ýene Rebde şatlyk taparlar, mätäçler Ysraýylyň Mukaddesinde galkynarlar.


Munuň üçin Ysraýyl Mukaddesi şeýle diýýär: «Bu sözi ret edip, zulum hem hilegärlige bil baglap, olara daýanýandygyňyz üçin,


Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi.


Ine, siz dawa, jenjel bilen, rehimsiz ýumruklama bilen agyz bekleýärsiňiz. Bu günki agyz bekleýşiňiz bilen ýokarda sesiňizi eşitdirmersiňiz.


Köp çopanlar üzüm bagymy weýran etdiler, ekin meýdanymy depeläp tozdurdylar, ajaýyp mellegimi takyr çöle öwürdiler.


Guşlardan doly kapasa ýaly, olaryň öýleri-de hileden doly. Şeýdip, olar beýgeldiler, baýadylar,


Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder.


Onsoň sizi halklaryň çölüne getirip, ýüzbe-ýüzleşip, size höküm çykararyn.


Müsür çölünde ata-babalaryňyza nähili höküm çykaran bolsam, size hem şeýle höküm çykararyn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ýoldaşyňyza ýer satanyňyzda ýa-da satyn alanyňyzda biri-biriňizi aldamaň.


Siz birek-biregi aldamaň, Hudaýyňyzdan gorkuň, çünki Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Pukaralaryň başyny toprak astynda depgiläp, ezilenleri ýoldan itekläp aýyrýarlar. Ogly-da, atasy-da bir aýalyňka gidip, mukaddes adymy harlaýarlar.


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Düşeginde pislik oýlaýanlaryň, niýetini ýamana düwýänleriň, dat gününe! Daň atanda niýetlerini amala aşyrýarlar, çünki olaryň muňa güýji ýetýär.


Gözüne ýakan ekin meýdanlaryny zorluk bilen alýarlar, islän öýlerini eýeleýärler; birini öýünden, ýene birini bolsa mirasyndan mahrum edýärler.


Halkymyň hamyny soýup, etini iýýärsiňiz, süýeklerini döwüm-döwüm edip, gazana, taba atyljak et kimin dograýarsyňyz».


Öýlerini haram hazynalardan dolduran pisleri, Men nädip bilmezlige salaýyn? Kem ölçemek näletlidir.


«Ýene bir tymsala gulak asyň: bir ýer eýesi bar eken. Ol üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin üzüm sykmaga çukur gazýar we gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berip, özi uzak ýola gidýär.


Emma siz garyplary masgara edýärsiňiz. Ýogsam size sütem edýän baýlar dälmi? Sizi kazyýete süýreýän hem şolar dälmi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ