Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 29:6 - Mukaddes Kitap

6 Hökmürowan Reb gök gürrüldisi bilen, ýer titremesi, uly şowhun bilen, harasat we tupan bilen, ýalmaýan oduň ýalny bilen geler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Хөкмүрован Реб гөк гүррүлдиси билен, ер титремеси, улы шовхун билен, харасат ве тупан билен, ялмаян одуң ялны билен гелер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 29:6
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb göklerde güňleç gürledi, seslendi Beýik Hudaý.


Eýsem olar günä etse-de, gaçyp gutularmyka? Eý, Hudaý, gazabyňda boýun egdir halklary!


Jeza güni, uzakdan betbagtçylyk gelende, näme ederkäňiz? Kimden kömek sorarkaňyz, nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?


Ol hökümdarlar öldi, olar indi ýok, Sen olary jezalandyryp, heläk etdiň, olary hiç kim ýatlamaz asla.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar; weýran edýän doly tupany kimin, güýçli ýagyş sili kimin, Öz eli bilen şäheri ýere çalar.


Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.


Gorkudan ýaňa ýykylar olaryň gaýasy, serkerdeleri baýdagy görüp titreşerler». Muny ody Sionda, ojagy Iýerusalimde bolan Reb aýdýandyr.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Gogy mergi we gylyç bilen jezalandyraryn; onuň we goşunlarynyň üstüne, ýanyndaky köp halklaryň üstüne gark ediji ýagyş we güýçli doly, ot we kükürt ýagdyraryn.


Söweş günündäki galmagaldan ýaňa, harasat günündäki tüweleý içinde Rabanyň diwaryna ot salaryn, ot galalaryny ýakyp kül eder.


Reb giň göwünli we gudratlydyr, Ol ýazyklyny jezasyz goýmaz. Rebbiň ýoly tupanly we gaýlydyr, bulutlar Onuň aýak tozudyr.


Siz Rebbiň dagynyň jülgesiniň içi bilen gaçarsyňyz, sebäbi ol jülge Asele çenli uzalyp gider. Siz şonda Ýahuda patyşasy Uzyýanyň döwründe bolan ýertitremeden gaçyşyňyz ýaly gaçarsyňyz. Şol wagt meniň Hudaýym Reb ähli mukaddesler bilen bile geler.


Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar.


Çünki millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar. Bular burgularyň başlangyjydyr.


Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýertitremeler, açlyk hem gyrgyn keseli, gorkunç wakalar, gökden uly alamatlar bolar.


Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


Onsoň Hudaýyň gökdäki ybadathanasy açylyp, onuň içindäki Äht sandygy göründi. Şol pursatda ýyldyrymlar çakdy, batly sesler, gök gürrüldisi eşidildi, ýer titräp, güýçli doly ýagdy.


Şondan soň ýyldyrymlar çakdy, gümmürdäp, gök gürledi, güýçli ýertitreme boldy. Ynsanlar ýer ýüzünde ýaşap başlany bäri şeýle güýçli ýertitreme bolmandy.


Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar. Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar. Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder. Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer, Öz seçip-saýlan patyşasyna ýeňiş getirer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ