Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr.
Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.
Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.