Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 29:22 - Mukaddes Kitap

22 Munuň üçin Ybraýymy halas eden Reb Ýakubyň nesilleri hakda şeýle diýýär: «Ýakup indi utanmaz, Onuň ýüzi gyzarmaz indi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Мунуң үчин Ыбрайымы халас эден Реб Якубың несиллери хакда шейле диййәр: «Якуп инди утанмаз, Онуң йүзи гызармаз инди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 29:22
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

meni ähli ýamanlykdan goran perişde bu oglanlary-da ýalkasyn! Goý, meniň adym, ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň ady şu oglanlaryň üsti bilen dowam etsin! Goý, olardan köp nesiller döresin!»


Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin. Muny Men – Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.


Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz.


Ysraýylyň bütin nesli Rebde aklanar, şöhratlanar.


Hökmürowan Rebbiň maňa ýardam berendigi üçin, men utanja galmadym, ýüzümi çakmakdaşy deý etdim, men utandyrylmajagymy bilýärin.


Rebbiň azat edenleri dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gam-gussa hem nala ýok bolar.


Ataňyz Ybraýyma, özüňizi dogran Sara nazar aýlaň; Ybraýymy çagyranymda, ol ýekedi, emma Men ony ýalkadym, köpeltdim».


Gorkma, utanja galmarsyň sen; ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen; ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň, dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk.


Atamyz Sensiň, Ybraýym bizi bilmese-de, Ysraýyl bizi tanamasa-da, ýa Reb, biziň Atamyzsyň Sen, owaldan bäri adyň «Penakärimizdir».


«Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin. Ýakup yzyna dolanyp, dynçlykda hem asudalykda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Olara gulum Dawut patyşa bolar; hemmesi üçin diňe bir çopan bolar. Olar Meniň hökümlerim bilen ýöräp, parzlarymy doly berjaý ederler.


Mukaddes öýüm ebedilik olaryň arasynda ýerleşende, milletler Ysraýyly mukaddes edeniň Men-Rebdigimi bilerler».


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi Men Ýakubyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin we mukaddes adym sebäpli gabanjaň bolaryn.


Siz Meniň Ysraýylyň arasyndadygymy, Beýik Hudaýyňyzyň Mendigimi, özgäniň-de ýokdugyny bilersiňiz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz».


«Ysraýylyň Hudaýy Rebbe öwgüler bolsun! Çünki Ol Öz halkyna nazaryn salyp, halas etdi.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ