Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 29:20 - Mukaddes Kitap

20 Zalymlar ýok bolarlar, masgaralaýjylaryň soňuna çykylar, ýamanlyk etmäge garaşýanlar ýok ediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Залымлар ёк боларлар, масгаралайҗыларың соңуна чыкылар, яманлык этмәге гарашянлар ёк эдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 29:20
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çendenaşa bihaýa iş edýän gedem hem tekepbir adamyň ady masgaralaýjydyr.


Men dünýäni ýamanlygy üçin, etmişleri üçin jezalandyraryn erbetleri; tekepbirleriň gedemliginiň soňuna çykaryn, zalymlaryň ulumsylygyny peselderin.


Özüme bagyş edilenlere buýruk berdim, urşujylarymy, şanyma guwanýanlarymy gazabymy dökdürtmek üçin çagyrdym.


Duşmanlaryňyň köpüsi toz dek bolar, zalymlaryň sowrulan saman çöpi deýindir. Birdenkä, duýdansyz,


Emma Reb şeýle diýýär: «Hawa, güýçliniň ýesirleri yzyna alnar, zalymyň oljasy elinden azat ediler; Men saňa garşy durana garşy durup, çagalaryňy halas ederin.


Sizi ýaradan, gökleri ýaýradan, ýeriň düýbüni tutan Rebbi unutdyňyz. Sizi ýok etmek niýetinde bolan zulumkäriň gazabyndan uzakly gün gorkýarsyňyz. Hany, zulumkäriň gazaby nirede?


Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.


Onsoň men gije şol görnüşimde gorkunç, aýylganç we gaty güýçli dördünji bir jandary gördüm. Onuň äpet uly demir dişleri bardy. Ol parçalap iýýärdi, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýardy. Bu özünden öňki jandarlaryň hemmesinden tapawutlanýardy. Onuň on sany şahy bardy.


Düşeginde pislik oýlaýanlaryň, niýetini ýamana düwýänleriň, dat gününe! Daň atanda niýetlerini amala aşyrýarlar, çünki olaryň muňa güýji ýetýär.


Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men bu halka garşy bela taýynlaýaryn, ondan boýun gaçyryp bilmersiňiz. Başyňyzy dik tutup gezmersiňiz, çünki bu pis zamana bolar.


Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isany masgara etmäge başladylar.


Soňra Hirod bilen onuň esgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepis don geýdirip, Pilatyň ýanyna yzyna iberdiler.


Halk Oňa seredip durdy. Ýolbaşçylar hem Onuň üstünden gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Eger Ol Hudaýyň saýlap-seçen Mesihi bolsa, goý, indi Özüni hem halas etsin-dä!» diýişýärdiler.


Töwrat mugallymlary bilen fariseýler Isany aýyplamakçy boldular. Sabat güni hassa şypa berermikä diýip, Ony aňtadylar.


Mundan soň gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Ine, Hudaýymyzyň halas etjek pursady geldi! Onuň gudraty we şalygy amala aşdy. Onuň Saýlanynyň hökmürowanlygy berkarar boldy. Hudaýymyzyň huzurynda doganlarymyzy gije-gündiz aýyplaýan, olara töhmet atýan şeýtan aşak zyňyldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ