Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.
Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.
Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.
Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.
Emma, sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar».
Rebbiň emrlerini berjaý edýän ýurduň kiçigöwünlileri, Rebbi agtaryň, dogruçyllygy we pespälligi agtaryň. Belki, Rebbiň gazap gününde gizlenip saklanarsyňyz.
Şonuň üçin hem ahlak hapalygyny we her dürli ýamanlyk galyndysyny zyňyp taşlaň-da, Hudaýyň kalbyňyza eken sözüni pespällik bilen kabul ediň. Bu söz janyňyzy halas etmegi başarýandyr.
Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?