Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 29:15 - Mukaddes Kitap

15 Öz niýetlerini Rebden gizlemäge çalyşýanlaryň, dat gününe! Işleri garaňkylykda bolup, olar: «Bizi kim görýär? Bizi kim tanaýar» diýýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Өз ниетлерини Ребден гизлемәге чалышянларың, дат гүнүне! Ишлери гараңкылыкда болуп, олар: «Бизи ким гөрйәр? Бизи ким танаяр» диййәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 29:15
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýas gutarandan soň, Dawut adam iberip, ol aýaly köşgüne getirtdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy. Ondan Dawudyň bir ogly boldy. Ýöne Dawudyň eden bu işi Rebbiň nazarynda nejislikdi.


Ysraýyl halky gizlinlikde Hudaýy Rebbiň garşysyna pis işleri etdi. Olar hemme ýerde – iň kiçi obadan tä uly gala çenli ähli ýerde seždegähleri gurdy.


Pisler gizlener ýaly, ne garaňkylyk, ne-de tüm garaňkylyk bar.


Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, bize jogap ber.


Näme üçin goluňy yza çekýärsiň? Eliňi goltugyňdan çykaryp, ýok et olary!


Rebbiň howlularyny küýsäp, meniň janym ysgyndan düşýär; ýüregim, tenim diri Hudaýa şatlanyp, nagmalar aýdýar.


Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz.


Adalaty ölçeg ýüpi, dogrulygy terezi ederin; doly ýagyp ýalançylyk penasyny süpürip äkider, suwlar basar gaçybatalgany.


«Pitneçi halkyň dat gününe! Olar Meniňkini däl-de, öz niýetlerini berjaý edýärler; Menden soraşman ylalaşyk baglaşyp, günä üstüne günä goşýarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Öz pisligiňe bil bagladyň; sen: «Meni hiç kim görmeýär» diýdiň. Paýhasyň we bilimiň seni azaşdyrdy, içiňden: «Diňe men, menden başga ýok» diýdiň.


Dogrulygyňyzy, işleriňizi aýan ederin, nepi degmez bularyň size.


Gizlin ýerlerde bukulany Meniň görmejek gümanym barmy? Muny Reb aýdýandyr. Asmany hem ýeri Men doldurmaýarynmy? Muny Reb aýdýandyr.


Onsoň Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşulularynyň her biriniň garaňkyda butlardan doly otaglarynda näme edýänini gördüňmi? Olar Reb bizi görmeýär, Reb ýurdy terk etdi diýýärler» diýdi.


Soňra Ol maňa: «Eý, ynsan ogly, gel, diwary oý» diýdi. Men diwary oýdum; ol ýerde bir girelge peýda boldy.


Ol maňa: «Ysraýyl bilen ýahuda halkynyň ýazygy juda çökder, ýurt gandan, şäher adalatsyzlykdan doly. Olar: „Reb ýurdy terk etdi, Reb görmeýär“ diýýärler.


Bize gazylan garymy çuňaltdyňyz. Ýöne Men baryňyzy ýola salaryn.


Şonda Men Iýerusalimi çyra bilen agtaryp, düýbüne çöken şerap löderesi deýin çöküp, içlerinden: „Reb ne ýagşylyk, ne-de ýamanlyk eder“ diýip, tekepbirlik edýänleri jezalandyraryn.


Siz sözleriňiz bilen Rebbi irizdiňiz. «Ony nädip irizdik?» diýip soraýarsyňyz. «Ýamanlyk edýän her bir adam Rebbiň nazarynda gowudyr we Reb olardan hoşaldyr» ýa-da «Hany, adalat Hudaýy nirede?» diýip irizdiňiz.


Höküm, ine, şeýle subutnama esaslanýar: dünýä Nur geldi, emma adamlar garaňkylygy Nurdan has gowy gördüler, sebäbi olaryň işleri ýamanlykdy.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.


Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ