Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 29:14 - Mukaddes Kitap

14 Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat üstüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, akyllylary akyldan aýrylar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Муңа гөрә Мен ене бу халкың арасында гудратлар, гудрат үстүне гудрат гөркезерин. Даналары даналыкдан махрум болар, акыллылары акылдан айрылар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 29:14
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol hökümdarlary kemsidip, kazylary akmaklara öwürýär.


Akyllysyraýany öz hilesinde tutýar, mekirleriň maslahaty ýele sowrulýar.


Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn».


Müsürlileriň zähresini ýararyn, niýetlerini puja çykararyn, butlaryndan, öli ruhlaryndan, jadygöýlerden, ruh çagyrýanlardan maslahat sorarlar.


Öz işini, täsin işini, amalyny, geň amalyny ýerine ýetirmek üçin, Perazim dagyndaky ýaly aýaga galar Reb, Gibgon jülgesindäki ýaly gazaba müner.


galp pygamberleriň alamatlaryny puja çykarýan, palçylary akmak edýän, akyldarlara zarba berip, bilýänlerini samsyklyga öwürýän,


Ýa Reb, näme üçin bizi Öz ýollaryňdan azaşdyrýarsyň, Senden gorkmazymyz ýaly ýüreklerimizi gatadýarsyň? Öz bendeleriň hatyrasyna, Mirasyň bolan tireleriň hatyrasyna yza dolan.


Siziň ýazyklaryňyzyň, daglarda ýakymly ysly tütetgi ýakyp, depelerde Meni äsgermezlik eden atalaryňyzyň ýazyklarynyň almytyny bererin. Öňki eden işlerini ölçäp, olary başlaryna getirerin» diýýär Reb.


Bu ýerde Ýahuda bilen Iýerusalimiň niýetlerini puja çykararyn. Olary janlarynyň kastyna çykanlaryň eline berip, duşmanlarynyň öňünde gylyçdan heläk ederin. Jesetlerini guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam ederin.


Edom hakda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Teýman şäherinde indi paýhas ýokmy? Danalarda maslahat galmadymy? Olaryň akyldarlygy küteldimi?


«Şol gün – Reb diýýär – Men Edomyň akylly adamlaryny we paýhasa düşünýänlerini Ysaw dagynda gyrmanmy?


«Milletlere serediň! Haýran galyň! Siziň günleriňizde etjek işimi eşideniňizde, gulagyňyza ynanmarsyňyz.


Size şuny aýdýaryn: köp pygamberler we patyşalar siziň görýänleriňizi görmek islediler, emma görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, emma eşitmediler» diýdi.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Çünki bu dünýäniň danalygy Hudaýyň nazarynda akmaklykdyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý akyllysyraýany öz hilesinde tutýar» diýip ýazylgydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ