Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 29:13 - Mukaddes Kitap

13 Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Реб шейле диййәр: «Бу халк Маңа якынлашып, дили, додаклары билен Мени хорматлаяр, йөне йүреклери Менден узакдадыр. Ынсан буйрукларына гөрә Маңа ыбадат эдйәрлер олар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 29:13
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury. Reb ony ähli duşmanlarynyň we Şawulyň elinden halas eden güni ol bu nagmanyň sözlerini Rebbe ýüzlenip aýtdy:


Eý, Hudaý, meni halas eýleýän Hudaý! Döken ganymyň günäsinden Sen meni gutar, dilim Saňa – Halasgärime nagmalar aýdar.


Onuň sözlerine hiç zat goşma, saňa käýinmesin, ýalançy çykaýma.


Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym.


Dawudyň mesgen tutan şäheri Ariýeliň dat gününe! Ýylyň ýylyna baýramlaryňyz dowam edibersin.


Okap bilmeýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris» diýerler.


Ýoldan sowluň, ýodadan aýrylyň, bizi Ysraýylyň Mukaddesi bilen ýüzleşdirmäň» diýýärler.


Munuň üçin Ol lowlaýan gazabyny, zalym urşy üstlerinden inderdi; olary hemme tarapdan otlady, emma olar şonda-da düşünmediler, olary ýakdy, ýöne üns bermediler.


Ýa Reb, näme üçin bizi Öz ýollaryňdan azaşdyrýarsyň, Senden gorkmazymyz ýaly ýüreklerimizi gatadýarsyň? Öz bendeleriň hatyrasyna, Mirasyň bolan tireleriň hatyrasyna yza dolan.


Olary Sen oturtdyň, kök urdular. Ösüp-ulalyp, miwe berdiler. Seniň adyň dillerinden düşmeýär, emma ýürekleri Senden uzakdyr.


Bu ähli zatlara garamazdan, onuň haýyn uýasy Ýahuda Maňa çyn ýürekden däl-de, ýalandan dolandy». Muny Reb aýdýandyr.


Meni Hudaýyňyz Rebbiň ýanyna iberip: „Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe dileg et; Hudaýymyz Rebbiň aýdan ähli zatlaryny bize bildir, biz-de ýerine ýetireris“ diýeniňizde, siz uly hata goýberdiňiz.


„Rebden ant içýärin“ diýseler-de, olar aslynda ýalan ýere ant içýärler».


Ysraýyl ýaşulularyndan birnäçesi meniň alnyma gelip oturdy.


«Sen, eý, ynsan ogly, diwarlaryň gapdalynda, öýleriň gapysynda ildeşleriň sen barada gürrüň edýär we biri-birine, her kim öz doganyna: „Gel, Rebden gelen sözüň nämedigini eşideli!“ diýýär.


Ýüreklerinden maňa perýat etmeýärler. Düşegiň üstünde ýatyp uwlaýarlar. Galla ýa-da täze şerap üçin tenine ýara salýarlar. Menden bolsa ýüz öwürýärler.


Bu düzgünleriň hemmesi ulanyldygyça ýok bolup gider, sebäbi olar ynsan buýruklaryna we taglymatlaryna esaslanýandyr.


Soňra Şawul Şamuwele: «Men günä gazandym. Ýöne halkymyň ýaşulularynyň öňünde we Ysraýylyň arasynda meni ryswa etme. Hudaýyň Rebbe sežde etmegim üçin, gaýdanyňda bile gideli» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ