Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Işaýa 28:6 - Mukaddes Kitap

6 Höküm kürsüsinde oturýana adalatlyk ruhy, derwezede duşmana zarba urýana medet bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Хөкүм күрсүсинде отуряна адалатлык рухы, дервезеде душмана зарба уряна медет болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Işaýa 28:6
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.


Hizkiýa halkyň üstünden uruş serkerdelerini belläp, olary öz ýanyna, şäher derwezesiniň meýdançasyna ýygnap, şeýle diýdi: «Dözümli we mert boluň. Aşur patyşasyndan gorkmaň, heder etmäň, çünki biziň bilen Bolýan onuň bilen bolýandan has güýçlüdir.


Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.


Hökmürowan tagtynda oturýan patyşa ähli ýamanlygy gözleri bilen saýgarýar.


Sen ýoksullara pena, mätäçlere mätäçliginde pena bolduň, tupandan goraýan gaçybatalga, yssydan goraýan kölege bolduň. Rehimsizleriň gaharly demi diwara urulýan tupan kimin,


Beýikdir ýokarda oturan Reb, adalatdan, dogrulykdan doldurýar Ol Siony.


Taňry Sion gyzlarynyň pisligini ýuwar, Iýerusalimde dökülen gany höküm we alaw ruhy bilen tämizlär.


Şonda Ýahuda baştutanlary öz-özlerine: „Özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebde kuwwatlanan Iýerusalimiň halky biziň gujur-gaýratymyzdyr“ diýerler.


Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär.


Men Öz-Özümden hiç zat edip bilmeýärin; Atamdan näme eşitsem, şonuň ýaly höküm çykarýaryn. Meniň kazylygym hakdyr, sebäbi Men Öz islegim boýunça höküm çykarmaýaryn, Meni Ibereniň yradasyny berjaý edýärin.


Mukaddes Ruh kimdir birine danalyk bilen, ýene birine bilim bilen öwretmek peşgeşini berýär.


Çünki duşmanlaryňyzyň garşysyna söweşip, siziň ýeňiş gazanmagyňyz üçin, Hudaýyňyz Reb urşa siziň bilen bile gider“.


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ